Türkmenistanda botoks we emeli kirpikler zenanlaryň uçara goýberilmezligine sebäp bolýar  

Türkmenistanda botoks we emeli kirpikler zenanlaryň uçara goýberilmezligine sebäp bolýar  

Türkmenistanda häkimiýetleriň aýallaryň daş-keşbine edýän gözegçiligi dürli ugurlarda göze ilýär. Aýallaryň botoks, emeli kirpikleri we dyrnaklary etdirmegine gadagançylygyň soňky aýlarda biraz gowşan wagtynda, şeýle kosmetiki usullary ulanýan aýal-gyzlaryň uçara goýberilmedik halatlary ýüze çykdy.

Aýal-gyzlarda botoks, emeli kirpik, ýasama dyrnak bar bolsa migrasiýa işgärleri olary halkara uçarlaryna goýbermeýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 22-nji noýabrda habar berdi.

Habarçy uçardan düşürlen birnäçe zenan bilen söhbetdeş boldy.

"Migrasiýa işgärleri muny ýokardan berlen tabşyryk esasynda diýip düşündirýärler. Dodaklaryňyz we emeli gözellik üçin goýduran beýleki zatlaryňyzy aýryp geliň, gitmek pikiriňiz bar bolsa diýýärler. Siziň dodagyňyz emeli, sizi kompýuterdäki ýüz tanaýan programma hem tananok, raýatlyk pasportdaky ýaly tebigy bolmasaňyz biz goýberip bilmeýäris diýýärler" diýip, 40 ýaşly balkanly zenan gürrüň berdi.

Bu zenan geçen hepdede Aşgabatdan Dubaýa barýan uçardan galypdyr.

Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinden Dubaýa uçar gatnawynyň ýola goýulmagy türkmen raýatlarynyň saglyk, söwda we iş-gazanç maksatly daşary ýurtlara gitmek mümkinçiligini artdyrdy. Olaryň arasynda aýal maşgalalar köp.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan zenanlaryň ýene biri Balkan welaýatynda daşary ýurtlara gazanç üçin gidýän zenanlaryň barha köpelýändigini gürrüň berdi. Özüni Mähri diýip tanadan zenan aýal-gyzlaryň kosmetiki amallar sebäpli uçardan düşürilmeginiň ýaňy-ýakynda başlanandygyny we duýdansyz dörän bu gadagançylygyň dürli kynçylyklary, şol sanda maddy problemalary döredýändigini aýtdy.

"Dubaýa uçmak üçin bilet satylan wagtynda bu ýagdaýlar barada duýdurylmaýar. Uçar biletinde hem bu hakda ýazylmandyr. Haçan-da, uçara münmäge 4 sagat galanda migrasiýa gullugynyň ofiserleri zenanlaryň daş görnüşine garap, uçara goýberip goýbermezligi zenanlara aýdýarlar. Birinjide, bu uly maddy zeper bolsa, ikinjiden ruhy zarba. Hereket azatlygy, gender hukuklary ählitaraplaýyn depelenýär" diýip Mähri gürrüň berýär.

Söhbetdeşimiz aeroportdaky işgärleriň aýallaryň görküne özüçe baha berip, örän kemsidiji gürleýändigini aýtdy: "Halkara howa terminalynyň işgärleri aýal gyzlar daş-sypatyny üýtgedip, Dubaýa ten söwdasyny etmäge gidýärler diýen äheňde gürleşýärler".

Zenanlaryň daş-keşbine gözegçilik aprel aýynda başlanypdy. Botoks, ýüz boýagy - makiýaž, saç boýaglary, emeli dyrnaklar ýaly zenanlaryň ulanýan kosmetiki bezegleri bilen bir hatarda, dar köýnekler hem gadagan edilipdi. Gadagançylyklar zenanlaryň özlerini alyp başyna dem degipdi. Zenanlaryň köçelerde ärleri bilen elleşip ýöremeginiň, awtoulaglaryň öň oturgyjynda oturmagynyň öňüni almak çärelerine polisiýa gatnaşypdy.

Şeýle-de, türkmen metbugatynda durmuşa çykan zenanlara özlerini nädip alyp barmalydygyny öwredýän ýörite makala çap edilipdi. Oktýabrda ýurduň esasy neşirleriniň biri bolan "Bitarap Türkmenistan" gazeti gepleşik däp-dessurlaryna degişli makala çap edip, aýallaryň öz ärlerine "sülmüräp hormat" bildirmelidigini ýazdy.

Şuňa meňzeş makala ýaňy-ýakynda türkmen metbugatynda ýene çap boldy. Maşgala pedagogikasyna bagyşlanan makalada, hususan-da, "Türkmen maşgalasynda gelin näme etmelidigini sözsiz aňmaly, islegleri bakyşdan duýmaly, yşaratlara düşünmeli, düşbi bolmaly" diýilýär.

Gender deňligini kanun taýdan güwä geçýän Türkmenistanyň hökümeti aýal gyzlar babatynda çäklendirmelere we kemsitmelere ýol berilmeginiň sebäplerini resmi derejeden düşündirmekden saklanýar.

Mesele diňe ýekeje türkmen resmisi tarapyndan agzalypdy. Iýun aýynda mejlisiň deputaty Serdar Arazow, türkmen aýallary üçin kosmetiki amallaryň gadagan edilmeginiň "sanitariýa sebäplere esaslanýandygyny" aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

2022- türkmen zenanlarynyň gysaç astyna düşen ýyly
Gollandiýa pişikleriň şotlandiýaly we sfinks görnüşleriniň saklanmagyny gadagan eder
Gadagançylyk alkogol içgileriniň gymmatlamagyna getirdi
Türkmenistan: Gadagançylyga garamazdan, çagalar pagta ýygmaga mejbur edilýär
Aşgabatda goýy reňkdäki ulaglaryň hereketine-de çäklendirme girizildi
Türkmen-özbek serhet geçelgelerindäki haryt dolanyşygyna 'çäklendirme girizildi'