Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekilhanasy açylar

Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekilhanasy açylar

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryna seredilip geçildi. Taraplar bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň işlenilip düzülmegi we olaryň doly derejede durmuşa geçirilmegi babatynda pikir alyşdylar. Şeýle-de taraplaryň FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy boýunça özara hereketlerini has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklary nygtaldy.

Gepleşikleriň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Sebitleýin edarasynyň direktory 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy
Türkmen wekiliýeti halkara ýaşlar eko-lagerine gatnaşýar
Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda söwda we maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi