Türkmenistanda Bitaraplyk güni mynasybetli 308 sany raýat tussaglykdan boşadyldy

Türkmenistanda Bitaraplyk güni mynasybetli 308 sany raýat tussaglykdan boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda iş kesilen 308 sany raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow däp bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ählihalk baýramlarynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini belledi. “Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz resminama gol çekenden soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Begenç Gündogdyýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen raýatlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen raýatlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Türkmenistana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Milli Goranmak Ministri Güler, Türkmenistanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary Işler we Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolar
Prezident Erdogan, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI DABARALARY ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRMEGI TABŞYRDY
Türkmenistanyň goranmak ministri Ankarada türk kärdeşi bilen duşuşdy