Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebiniň rektory çalyşdy

Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebiniň rektory çalyşdy

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine Aknabat Atabaýewa bellenilip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesine Allaberdi Gapurow bellenilip, ol Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Degişli resminamalara döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Aknabat Atabaýewa öň bilim ministriniň orunbasary bolup işledi, ondan soňra bolsa Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işleýärdi.D.Myradow bolsa başga işe geçmegi sebäpli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesine Döwlet Ýolow bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine Arzygül Orazowa bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary täzelendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Mary welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi