Türkmenistanyň Hazar kenarynyň golaýynda we möhüm geçirijide bir sagadyň dowamynda syzyp çykan zyýanly metan gazynyň möçberi 67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň boldy.Bu barada “The Guardian” neşirinde çykan maglumatda bellenilýär.
Türkmen häkimiýetleriniň ýurduň metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýändigini ynandyrmaga çalyşýan pursady, halkara ekspertleri eýýäm ençeme ýyl bäri Türkmenistandan syzyp çykýan uly mukdardaky bu gazyň tutuş dünýädäki klimata juda ýaramaz täsir ýetirýändigini duýduryp gelýärler.
Britan neşiriniň satellit suratlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, gazylyp alynýan ýangyç desgalaryndan has köp ABŞ-dan, Russiýadan we Türkmenistandan metan gazy syzyp çykýar.Munuň bilen baglylykda zyýanly gazyň iň uly zyňyndysy geçen ýylyň fewralynda, Türkmenistanyň Hazar kenarynyň golaýynda hasaba alyndy.
Bir sagadyň dowamynda birdenkä howa howa syzan 427 tonna metanyň möçberi tutuş Fransiýada bir sagadyň içinde howa goýberilýän zyňyndylara deň bolupdyr.
Bellesek, iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar. Metan atmosfera akdyrylanda onuň ýylylyk täsiri kömürturşy gazyna garanyňda 80 esse ýokarydyr. Atmosfera goýberilýän bu gazyň zyýanly täsiriniň barha artýandygy, onuň ähli parnik gazlarynyň özünde jemleýän ýylylygyň 25%-ine jogapkärdigi hem nygtalýar.
Maglumata görä, antropogen, ýagny adam sebäpli emele gelen metan syzmalarynyň 40% töweregi gazylyp alynýan ýangyç serişdeleriniň gözleg işleri, olaryň önümçiligi we transporty sebäpli howa goýberilýär. Bu görkeziji 2000-2019-njy ýyllar aralygynda tas 50% artypdyr.
Kayrros geo-seljeriş kompaniýasynyň şaýatlyk etmegine görä, 2022-nji ýylda gazylyp alynýan ýangyç desgalaryndan syzyp çykan metan gaz hadysalarynyň 1 müň 5 ýagdaýy hasaba alnyp, olaryň iň uly görkezijisi Türkmenistana degişli.
“Metan gazynyň uly mukdarda syzyp çykmagy boýunça hadysalaryň iň uly sany Türkmenistanda hasaba alyndy, ol 184-e deň. Olar akyly giden ýaly ýelejiredýärler” diýip, “The Guardian” neşiriniň maglumatynda Kayrros kärhanasynyň wekili Kristain Lelongyň sözleri getirilýär. Deňeşdirme üçin aýdylsa, tutýan meýdany we ykdysadyýeti boýunça Türkmenistandan has uly ABŞ-da bu görkeziji 155-e, Russiýada hem 120-ä deň.
Makalada Türkmenistanyň repressiw diktatorlyk režiminde gazylyp alynýan ýangyçlaryň önümçiligi barada az zat bilinýändigi bellenilýär. Emma ekspertler uly mukdardaky syzmalary sowet döwründen bäri ulanylýan enjamlaryň könelişmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Geçen ýyl "Bloomberg" neşiri "Daşky gurşaw ylymlary we tehnologiýalary" (Environmental Science & Technology) neşirinde çap edilen täze derňewe salgylanyp, Türkmenistanyň günbataryndaky 29 sany nebit we gaz enjamy bejerilse, onda bu sebitiň klimata ýaramaz täsirini ep-esli azaltljakdygyny belläpdi.
Ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan we öz çägindäki gaz gorlarynyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.
2022-nji ýylda ABŞ-nyň kosmos agentliginiň, ýagny NASA-nyň älemden düşüren soňky suratlary Türkmenistanyň nebit-gaz infrastrukturasyndaky ondan gowrak ýerde ýokary derejede metan gazynyň syzmasynyň üstüni açdy.
Ekspertler metan zyňyndylary sebäpli klimat heläkçiliginiň ýakynlaýandygynyň anykdygyny, ýöne gözleg işlerinde satellitleriň rolunyň artmagy, şeýle-de güýçli täsir ediji gaz bilen baglylykda herekete geçmek üçin syýasy hyjuwyň artmagy seresaply umyda sebäp berýändigini aýdýarlar.
2021-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) Glasgowda geçen sammitinde adam sebäpli döreýän metan syzmalaryny 2030-njy ýyla çenli 30% azaltmak baradaky meýiller yglan edildi. Muny goldaýan döwletleriň sany 150-den geçse-de, metany has köp howa goýberýän Türkmenistan, Russiýa, Hytaý we Eýran ýaly döwletler oňa häzire çenli gol goýmadylar.
Ýogsa şol ýygnakda, entek wise-premýer wezipesini ýerine ýetirýän Serdar Berdimuhamedow ýurduň metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýändigini ynandyrmaga synanyşypdy.
Emma şondan bäri 1,5 ýyl çemesi wagt geçse-de, Türkmenistan tutuş dünýäniň daşky-gurşawyna ýaramaz täsir ýetirýän metan zyňyndylaryny howa syzdyrýan ýurtlaryň öň hatarynda agzalýar.
Türkmen hökümeti şu güne çenli ýurtda metanyň syzmagyny ykrar etmedi.
Azatlygyň ýokarda aýdylanlar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, "Türkmennebit" we "Türkmengaz" kompaniýalaryndan kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.