Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi, täze açylyşlar boldy

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi, täze açylyşlar boldy

1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.

Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy.

Orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi.Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli “Bilimli” atly kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy şatlykly waka boldy.

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň açylmagy hakyky baýramçylyga öwrüldi.Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjylary hem şu gün täze binalary ulanmaga bermek dabaralarynyň şaýatlary boldular. Şol ýerde 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy açyldy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde açylan çagalar bagy hem 320 orunlykdyr.Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Saganly obasynyň ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar gününi 600 orunlyk täze orta mekdebiň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde, Daşoguz şäherinde we Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Buýanly obasynda her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň açylmagy uly baýramçylyga öwrüldi.

Daşoguz şäherinde 240 orunlyk çagalar bagy hem ulanmaga berildi.Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin-de bu baýramçylyk güni ajaýyp wakalara beslendi.Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy, şol etrabyň Esgi geňeşliginiň Gyzylgaýa obasynda 600 orunlyk orta mekdep açyldy.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň okuwçylary 500 orunlyk täze, döwrebap mekdepde bilim almak mümkinçiligine eýe boldular.Welaýatyň Hojadepe geňeşliginiň Çöňür obasynda bolsa 320 orunlyk çagalar bagy gapylaryny giňden açdy.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň her birinde körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas babatda hemmetaraplaýyn ösmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.Dürli ýaşdaky çagalaryň toparlary üçin amatly oýun otaglary, owadan we oňaýly mebeller bilen üpjün edilen ýatakhanalar, çagalaryň bilim almagy üçin döwrebap ulgamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary göz öňünde tutuldy.

Täze mekdeplerde hem okuwçylaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň döredijilik ukyplarynyň, zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertler döredildi.

Ýene degişli makalalar

Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär
Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň ady aýdyldy
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary ulanmaga berler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda