30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, bilim işine döwlet akkreditasiýasy amallaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny akkreditirlemegiň milli ulgamyny döretmek, ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.
“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi tarapyndan Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilim edaralarynyň görkezijileri babatda dünýäniň belli okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagyna, milli bilim ulgamynyň halkara derejelere çykarylmagyna ýardam eder.
Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň 9-sy Halkara uniwersitetler bileleşiginiň agzasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň gözýetimli bolmaklary ugrunda ýokary we orta hünär bilim edaralarynda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň Düzgünnamasyny talabalaýyk taýýarlamak möhüm bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.