29-njy iýunda Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşynyň dolmagyny bellediler.
Döwlet habar gullugy TDH we “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtlary prezidentiň gazanan üstünlikleri barada makala çap etdi, ol makalada ýurduň 10 ýyl bäri parasatly Arkadagyň ýolbaşçylyhgy astynda ýaşaýandygy we ösýändigi aýdylýar.
“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde Gözel Şagulyýewanyň “Ata-babalaryň beýik taryhy sende, Arkadag!” atly poemasy çap edildi.
Prezidenti bir topar döwlet ýolbaşçysy: Şawkat Mirziýoýew (Özbegistan), Almazbek Atambaýew (Gyrgyzystan), Nursoltan Nazarbaýew (Gazagystan), Emomaly Rahmon (Täjigistan), Rejep Taýyp Erdogan (Türkiýe), Abdylla Gül (Türkiýäniň öňki prezidenti), Rustam Minnihanow (Tatarystan) we beýelkiler gutladylar.
Russiýa Federasiýasynyň baştutany Wladimir Putin kärdeşini Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglady, oňa telegramma iberdi we telefon hem etdi.
Berdimuhamedowa ýene bir orden “Gagauz Ýeri”, onuň iki doganlyk halkyň gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin, gagauz awtonom respublikasynyň baştutany Irina Wlah tarapyndan gowşuryldy.
“Soýusneftegaz” döwletara nebit kompaniýasynyň prawleniýesiniň başlygy Ýuriý Şafranik prezidenti, Türkmenistanyň dag-magdan senagatyny ösüdrmäge goşan goşandy üçin, “Russiýanyň magdançysy” diýen nyşan bilen sylaglady.
Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyşyna gatnaşdy we Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň başynda prezident ýadygärlik sowgady hökmünde hökämet agzalaryna “Arkadagyň ajap eýýämy” diýet täze kitaby gowşdurdy.
Mejlisden soň prezidenti Türkmenistandaky daşary ýurt ilçileri gutladylar.
Tutuş ýurt boýunça konsertler we baýramçylyk dabaralary geçirildi.