Türkmenistanyň ulag sürüjileri ýene-de benzin gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda ýerli ýangyç stansiýalarynda A-95 benzini satuwdan aýrylypdyr.
"Maryda A-95 benzini diňe bir ýerde Mary-Baýramaly ýolunda ýerleşýän ýangyç stansiýasynda satýarlar, başga ýerlerde bu benzin ýok. Ähli ýelerde diňe A-92 we A-80 benzini satýarlar. Benzin kolonkalarynda A-95 derek A-92 ýazgysy ýerleşdirilipdir" diýip, Marydaky habarçymyz 19-njy awgustda habar berdi.
Şu günler gowy hilli ýangyç Lebap welaýatynda hem ýok, hili pesräk benzini hem çäkli satýarlar. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, ýurduň gündogarynda diňe bir 95-nji benzin däl, eýsem A-92 markaly benzin hem satylmaýar.
"Lebapda A-95, A-92 we Eko-93 markaly benzin hiç ýerde ýok. Üstesine, A-80 benzini her ulaga 5 litrden köp bermeýärler. Ähli ýerde uly nobatlar bar" diýip, Lebapdaky habarçymyz 19-njy awgustda habar berdi.
Ulag eýeleri benzin ýetmezçiligi sebäpli, pes hilli ýangyjy ulanmaly bolýandygyny, emma munuň ulaglara zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.
"Teklip edilýän benziniň hili örän pes, ählisi A-80 we A-92 guýmaly bolýarlar we soň ulaglaryň bozulmagyndan şikaýat edýärler. Hapalanan ýangyç ulagyň motoryny zaýalaýar, nasoslara dykylýar. Täze awtoulaglarda ulagyň kemçiliklerini görkezýän yşyklar ýanýar, köne ulaglar bolsa, döwülip, ýoluň ortasynda durup galýar" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy aýdýar.
Türkmenistanda benzin gytçylygynyň fonunda polisiýa ulag sürüjilere pes hilli ýangyç guýlan awtoulaglaryň tebigata zyýan ýetirýändigi üçin jerime salmagyny dowam etdirýär.
"Polisiýa nokatlarynda awtoulaglar awlanýar. Olary saklap, tüsse çykýan turbalaryna ýörite gural goýup, barlaýarlar we soňra ulagyň tüssesiniň ekologiýa zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Birinji gezek jerimäniň möçberi 300 manat, emma jerimeden gutulmak üçin 20 manat para bermeli" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar.
Ýurtda benzin ýetmezçiliginiň dowam edýän wagtynda häkimiýetler daşary ýurtlara satylýan ýangyjyň mukdaryny artdyrýandygyny habar berýärler.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda nebit önümçiligini artdyrmak boýunça infrastruktura öbýektleriniň ençemesi guruldy. 28-nji iýunda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda umumy bahasy 1,7 milliard amerikan dollaryna barabar bolan tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň açylyş dabarasy boldy.
Türkiýäniň “Rönesans” we Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalary tarapyndan gurlan zawod tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça Merkezi Aziýadaky iň uly desgadyr.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.