Aşgabatda uzak garaşylan we hemmeler üçin eziz baýramyň golaýlaşyp gelýändiginiň nyşany bolan Baş täze ýyl arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Her ýyl sahnalaşdyrylan çykyşlar we konsertler bilen utgaşýan Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu ýere Aşgabat şäheriniň müňlerçe ýaşaýjylary we myhmanlary çagalar, artistler, tans toparlary we türkmen ertekileriniň gahrymanlary ýygnandylar.
Beýikligi 44 metr bolan Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary we kümüşsöw garjagazlary, sekizburçly ýyldyzy we “2025” ýazgysy baýramçylyk ruhuny we Täze ýyla bolan umytlary alamatlandyrýar.
Meýdançada ertekilerdäki ýaly baýramçylyk gurşawy emele getirildi. Aýaz baba bilen Garpamyk söýgüli erteki gahrymanlarynyň ugratmagynda Köpetdagyň eteginden öz baýramçylyk syýahatyna başladylar we şäheriň gözel ýerlerine, şol sanda täze “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezine aýlandylar. Gurjak teatrynyň artistleri myhmanlaryň öňünde çykyş etdiler, ýaşajyk tansçylaryň bu ýerdäki ajaýyp çykyşlary köpçülige şatlyk bagyşlady.
Aşgabadyň Baş arçasynyň we ýurdumyzyň welaýatlarynda oturdylan arçalaryň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Teatr, çagalar hor toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetirmeklerindäki çykyşlar Täze ýyla bagyşlanan ilkinji dabaranyň jemini jemledi.
Dabara gatnaşýan ýaşajyk çagalar Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat aldylar. Giň gerimli baýramyň möhüm bölegi bolan bu sowgatlar ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň nyşanydyr. Olar üçin täze mekdepler, dynç alyş merkezleri we sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär.
Baş arçanyň ýanyndaky ilkinji dabara çagalar hor toparynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşalp ýerine ýetiren aýdymlarynyň konserti bilen tamamlandy.