Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynyň ençeme etrabynda bankomatlaryň aglabasy kadaly işlemeýär. Şeýle-de, köp bankomatda nagt pul tapdyrmaýar.
Munuň bilen bagly, ilat bank kartlaryndaky zähmet we pensiýa haklaryny, döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 12-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.
“25-nji iýuldan bäri Lebabyň Türkmenabat we Seýdi şäherlerinden başga ähli etraplarynda bankomatlar kadaly işlemeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Darganata, Çärjew we Saýat etraplarynda irden işleýän bankomatlar günortana ýetmänkä hatardan çykyp, pul çykarmak uly meselä öwrülýär.
"Bank edarasynyň tehniki işgäri [bankomady] düzedip gidýär, emma terminal kartlary kabul etmeýär, netijede, ýene ýarym sutkalap tehniki ussa garaşmaly bolýar" diýip, saýatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Kerki we Hojambaz etraplarynda bolsa, bankomatlaryň günuzyn işlemeýän halatlary hem ýygjamlaşdy. Käte işleýän bankomatlarda hem, köplenç nagt pul tapdyrmaýar.
Ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, bank şahamçalarynyň işgärleri bankomatlaryň işlemezliginiň we olarda nagt gytçylygynyň sebäbi barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler.
Ýöne lebaply bir bank işgäri anonimlik şertinde beren maglumatynda bökdençlikleriň sebäbini sebitde elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilip, onuň güýjüniň peselmegi bilen düşündirýär.
“Mundan başga-da, Internet aragatnaşygynyň hili hem ep-esli peseldi” diýip, bank işgäri belledi.
Soňky aýlarda Türkmenistanyň dürli künjeginde ilatyň elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilýändigi barada Azatlyk ençeme gezek maglumat berdi.
Bökdençlikleriň arasynda, etrap we oba ýaşaýjylary öz bank kartlaryndaky maliýe serişdesini nagtlaşdyrmak üçin Türkmenabadyň bankomatlaryna baryp başladylar.
Munuň bilen baglylykda, bankomatlaryň öňünde adamlaryň uzyn nobatlary emele geldi. Şeýle-de, olarda etrap, oba we şäher ýaşaýjylarynyň goh-galmagal etmegi ýaly wakalar hem göz-görtele köpeldi.
“Sebäbi obalardan gelýän adamlaryň hersinde azyndan 5-10 sany kart bar, netijede, bankomada goýlan nagt pul nobatdaky başda duran 4-5 adama ýetýär, soň pul gutarýar. Bu bolsa özara dartgynlylygy döredýär. Emma ýerli häkimiýetler meseläni çözmekde hiç hili iş bitirmeýärler" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen Marynyň etrap we oba ýaşaýjylary hem ýüzbe-ýüz bolýarlar. Habarçymyz awgust aýynyň başyndan bäri ilatyň bankomatlardan nagt pul çekmekde kynçylyk çekýändigini aýdýar.
“Tagtabazar etrabynda, şeýle hem Serhetabat, Galaýmor, Saryýazy ýaly ilatly ýerlerde bankomatlar köplenç uzakly gün näsaz ýagdaýda işlemän durýar. Işlän wagtynda hem ýa kartlary kabul edenok ýa-da nagt pul gutarýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz Mary şäherinde tok ýa Internet üpjünçiligi kesilmese, nagt pul çekmegiň ganymatdygyny, ýöne Sakarçäge, Garagum, Murgap, Oguzhan etraplarynda bankomatlar işlän mahaly hem nagt pul tapdyrmaýandygyny belleýär.
“Netijede, oba we etrap ilaty şähere gelýär. Bu bolsa, Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde uly nobatlary we jenjelleri döredýär. Polisiýa işgärleri ähli bankomatlara gözegçilik edenok” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ahalyň Sarahs we Tejen etraplarynyň ýaşaýjylary hem öz sebitlerinde bankomatlaryň kadaly işlemeýändigi sebäpli, şu günler Änew we Aşgabat şäherlerine sapar edýärler.
Azatlyk bu barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda ýedi ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bankomatlaryň kadaly işlemezligi, olarda nagt gytçylygy yzygiderli ýüze çykýar.
Ýöne soňky bir-iki ýylyň dowamynda bu ýagdaýlar seýrekleşipdi. Ýurduň azyndan üç welaýatynda emele gelen soňky ýagdaýlar bu bökdençlikleriň ýene ýitileşýändigine yşarat edýär.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada asla mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.