Wise-premýer Çary Gylyjow Ministrler kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanda balyk tutmagyň möçberlerini 3 esse artdyrmaga mümkinçilik döredilendigini yglan etdi.
Ministriň sözlerine görä, bu Balkanbalyk kärhanasynyň Hazar deňzinde balyk tutýan gämileriniň tapgyrlaýyn abatlanmagy esasynda mümkin boldy.
TDH-nyň habar bermegine görä, Daşoguzbalyk kärhanasy tarapyndan 16 million balyk tohumy welaýatyň köllerine we howdanlaryna goýberildi.
Marybalyk kärhanasy tarapyndan Murgap etrabynda balyk tohumlaryny ösdürip ýetişdirýän meýdany 76 gektar bolan howdanda abatlaýyş-gurluşyk işleri alnyp barylýar.Ahalbalyk kärhanasy Kaka etrabynda geotekstil we geomembrana düşelen howuzlaryň gurluşygyny alyp barýar.
Hazarbalyk kärhanasynda senagat usulda ýetişdirilen bekre balyklaryndan 2020-nji ýylda işbil almak hem-de içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek meýilleşdirilýär.
Ahalbalyk, Balkanbalyk, Daşoguzbalyk, Lebapbalyk we Marybalyk kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hususylaşdyryldy. Pudaga degişli täze kärhanalaryň onusynyň gurluşygy dowam edýär. Netijede, ýakyn wagtda balyk önümleriniň mukdaryny 574 tonna ýetirmek mümkinçiligi dörär. Şeýlelikde, içerki bazar bu önümler bilen doly üpjün ediler hem-de onuň durnukly eksporty ýola goýlar.
Gylyjowyň prezident bilen eden gürürňinde beren maglumatyna görä, 2018-nji ýylda ýurda getirilen balyk önümleriniň mukdary 43,5 göterim azaldy.
Gylyjow 2019-njy ýylyň ýanwarynda döwlet baştutanyna balyk importynyň 33,9% azalandygyny habar beripdi.
2017-nji ýylyň dekabrynda prezident ilatyň täze balyk baradaky talaplaryny kanagatlandyrmagy tabşyrdy, 2018-nji ýylyň martynda balyk pudagynyň täze pudaklaryny gurmagy buýurdy.
“Türkmenistanyň Hronikasy” 2017-nji ýylda “Ýitirilen pudak: Türkmenleriň deňiz balykçylygy hakynda” atly göwrümli hasabaty çap etdi.Onda “Balkanbalygyň” soňky 10 ýylda çökendigi aýdyldy.Bu kärhananyň balykçylary 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde 125 tonna golaý balyk tutdylar.
Bu 2004-2005-nji ýyllaryň degişli döwründe tutulan balykdan 30 esse az, geçen asyryň 70-90-njy ýyllaryndakydan bolsa, 60-70 esse az balygyň tutulandygyny aňladýar.”