Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn

“Türkmenistanyň Hronikasy” Aşgabadyň bazarlaryndaky azyk önümleriniň bahalarynyň üýtgeýişini synlamagy dowam etdirýär.

2018-nji ýylyň geçen üç aýynyň dowamynda ähli azyklaryň we harytlaryň bahalary yzygiderli ýokarlandy.Fewral aýynda benziniň bahasynyň 50 prosent gymmatladylmagy, şeýle-de “gara bazarda” dollaryň kursunyň ýokarlanmagy, daşary ýurtlarda döwlet kursunda pul nagtlaşdyrmagyň çäklendirmeleri nyrhlaryň düýpli gymmatlamagyna alyp geldi.

Häzir dollaryň “gara bazar” nyrhlary 13,5-14 manat aralygynda bökjekleýär.

Gök önümler

Ýylyň başyndan başlap gök önümleriň bahalary kesginlik bilen ýokarlandy (+32%). Emma, mart aýynda bahalar ýene-de aşaklady (-20%). Bahalaryň bu hili üýtgemesini belli bir derejede möwsümleýin ýagdaýlar bilen düşündirmek mümkin.Emma, netijede, martyň aýagynda bahalar ýene -10% ýokary galdy.

Dükanlaryň tekjelerindäki gök önümleriň uly bölegi, ozalkylary ýaly, Eýrandan, Türkiýeden we Gazagystandan import edilýär.

Kartofel ýyl başyndan bäri 30% gymmatlady we sortuna laýyklykda 3,60 manatdan 5 manada çenli aralykda bahalanýar.

Düýp sogan ýanwarda 3,50 manatdan satylýardy, fewralda onuň bahalary wagt-wagt birden 6,50 manada çenli ýokarlandy. Martyň aýagynda sogan bahalary 3,80-den 5 manada çenli aralykda boldy.

Pomidorlar kilogramy 5,80-6,50 manat bolanlygyndan 6-7 manada çenli gymmatlady, hyýarlar 6-7 manat bolanlygyndan -8, bolgar burçy 5-den 13 manat boldy.

Gök önümleriň käbiriniň bahasy arzanlady. Mysal üçin, badamjanlar kilogramy 10 manat bolanlygyndan 5,40 manada, käşir 2-den -1,50 manada çenli aşaklady.

Miweler

Fewralda miweleriň bahalary aşaklady (-7,6%), emma soň tas 27% ýokarlandy. Geçen ýyl wagtyň şol döwründe miweleriň bahalary 5% ýokarlandy.

Eýran almalarynyň bahalary üýtgemedi kilogramy 8-9 manat, türk almalary gymmatlady -14-den 19-23 manada galdy.

Bananlar kilogramy 16,5 manat bolanlygyndan 21 manat boldy, mandarinler — 7,7 manatdan 10 manada, apelsinler — 7,7-den 15 manada galdy.

Konserwalar

“BRASIL” etli konserwasy 8-den 13 manada galdy, Сардинелла balyk konserwasy — 9-dan 11 manada, konserwa edilen ananas (RITA) — 13,80-den 14 manada, gök nohut (RITA) 6-dan 6,50, mekgejöwen (RITA) — 7,20-den 8,50 manat boldy.

Ýerli “NUR” firmasy öz nohutlaryny we mekgejöwenlerini öndürip başlady. Olar degişlilikde 6 we 6,60 manada durýar.

Peýnir ýanwardan marta çenli aralykda ortaça 30% gymmatlady. Mysal üçin, “Rossiýskiý” peýniri 72,50-den 102 manada çenli gymmatlady, Gouda — 45-den 69 manada, Edamer 48-den 69, Viola ergin peýniriniň 150gr 12,20-den 12,80 manada çenli gymmatlady.

Geçen üç aýyň dowamynda ösümlik ýagy ortaça 14% gymmatlady. “Oleýna” ýagy (1l) 12,50-den 17,50 manada, “Zoluşka” (1l) — 11,20-den 15, “Donskoý ýantar” (3l) — 45-den 48,80, ”Korona izobiliýa” (4,7l) — 65-den manada galdy.

Gant ýanwarda 5 manat bolanlygyndan martda 7 manada galdy. Hususy azyk dükanlarynda şekeriň bahasy eýýäm kilogramy 8 manada ýetýär.

Un gyt bolmagynda galýar we üç aýda ortaça 23% gymmatlady, geçen ýylyň dowamynda bolsa un 30% gymmatlady. Gazagystandan getirilen unuň kilogramy 4-den 4,80 manada, rus uny 4,20-den 7 manada galdy. “Sar” ununyň kilogramlyk gutusy 7,80 manat, iki kilogramlygy 15.00 manat. Ýerli un ýok.

Süýt-gatyk önümleri ortaça 20% gymmatlady. TekSut süýdi (1l) 9,20-den 9,80 manada, ýerli şertde öndürilen gaýmak — 300 gramy 3,50-den 5 manada, aýran (1l) — 3-den 3,50 manada, kefir (gatyk) — 4-den 5 manada çenli gymmatlady. Ýerli süýt litri 2 manat möçberinde saklanýar.

Däne we makaron önümleri ortaça 17% gymmatlady. Import edilen rus makaronlary 6-dan 7 manada, tüwi — 5-den 5,50, greçka— 6,80-den 7 manada, nohut — 5-den 5,80 manada çenli ýokary galdy.

Etiň bahasy ortaça 10% gymmatlady.

Üwelen et we süňkli sygyr etiniň kilogramy 18-den 20-22 manada, süňksüz gyýma etiň kilogramy 26-dan 30 manada çenli ýokarlandy. Towuk butlarynyň kilogramy hususy dükanlarda 13 manat bolanlygyndan 15 manat boldy, döwlet dükanlarynda nyrh 8 manat bolmagynda galýar, emma olar satuwdan tasdan bolmaýar.

Bu döwürde goýun etiniň bahasy gymmatlamady we kilogramy 20 manat bolmagynda galýar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň bellemeklerine görä, geçen ýyl etiň bahasyny jylawladylar, bahalar ähli dükanlarda birmeňzeş we şol bir kesgitlenen nyrhda saklanyldy. Emma, häzir etiň bahalaryndaky ösüş we söwda nokatlaryndaky bahalaryň dürlüligi görnetin göze ilýär.

Alkogolly içgiler üç aýyň dowamynda ortaça 5-6% gymmatlady: Serdar aragy (0,5l) — 16-dan 17 manada, “Gözbaş” aragy (0,5l) — 14-den 15, “Türkmen konýagy” (1l) — 35-den 36 manada galdy.

ZIP (0,5l) we Berk (0,5l) piwolary, ozalkylary ýaly, degişlilikde 5 we 7 manatdan satylýar.

Kofe ortaça 15% gymmatlady. MacCoffee (20gr) 1,40-dan 1,70 manat, Jacobs (190gr) — 53-den 60, Nescafe (100gr) — 45-den 48,90, Çýornaýa karta — 25,80-den 28,90 manat boldy.

Içgileriň we şerbetleriň bahalary 12% gymmatlady.Saba şerbeti (1l) 5-den 5,30 manada, 7gün — 3,50-den 3,80 manada galdy. Ýerli şertlerde öndürilen gazly suw (0,5l) 1.00 manatdan 1.50 manada galdy.

Kola, fanta, Spraýt (1l), ozalkylary ýaly, 3,50 manatdan satylýar, emma ýarym litrlik çüýşeler 1,50-den 2.00 manada çenli gymmatlady.

Azyk önümlerine garanda, durmuş himiýasynyň we şahsy arassaçylygyň harytlary hasam gymmatlady.Mysal üçin, Home Plus atly kir ýuwulýan poroşok (400gr) 5-den 7 manada galdy, “Barfatan” agardyjysy (1l) — 1,60-dan 3,50 manada, Schauma şampuny (380ml) 8-den 11 manada, NIVEA dezodranty — 8 26 manada (!), aýallaryň Molped gigiýeniki ýapgysy (40 sany) — 8-den 20 manada (!) galdy.

Tehnika iki esseden gowrak gymmatlady.

Adamlar bahalaryň hemişe gymmatlamagyndan we iş orunlarynyň barha köp gysgaldylmagyndan nägile bolýarlar. TH-nyň habarçylary dükanlaryň köpüsinde baha ýazgylarynyň täzelenmeginiň bes edilendigini, sebäbi harytlaryň bahalarynyň hemişe üýtgäp durýandygyny belleýärler. Netijede, dükanlaryň kassalarynda alan harytlaryny yzyna gaýtarýan alyjyalara barha kän duş gelse bolýar, köne nyrhlara seredip alan zatlarynyň hemmesiniň bahasyny tölemäge puly ýetmedik adamlar harytlary yzyna berýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Öýken üçin peýdaly azyklar….
“Atletiko” hem-de “Atalanta” myhmançylykda 6 gol geçirdi
“Liwerpul”, PSŽ hem-de “Ýuwentus” säwliksiz barýar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi