“Türkmenistanyň Hronikasy” Aşgabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň üýtgeýşine syn etmegini dowam etdirýär.
2017-nji ýylyň noýabryndan 2018-nji ýylyň ýanwary boýunça bahalara eden synymyzy çap edýäris.
Getirilen sanlaryň ýanwaryň aýagynda, fewarlda benzin we un gymmatlamazdan öň bellige alnandygyny bellemek möhüm.
Bu üýtgeşme indiki synda orun alar.
Gök önümleriň bahasy düýpli ýokarlandy.
Munuň bir sebäbi möwsümleýin üýtgeşmeler.Emma, mundan başgada, bahalaryň ýokarlanmagyna dollaryň bahasynyň gymmatlamagy hem täsir edýär.Gök önümleriň uly bölegi Eýrandan, Türkiýeden we Gazagystandan import edilýär.Netijede, telekeçileriň gök önümleri dollara satyn almaklary bahalaryň galmagyna täsir edýär.
Kartoşkanyň we düýp soganyň kilogramy 3,5-4 manat. Käte Aşgabadyň bazarlarynda ýurt içinde öndürilen kartoşka hem peýda bolýar, olaryň kilogramy 2,8-3,2 manat. Emma, alyjylar ýurt içinde ýetişdirilen kartoşkanyň hiliniň import edilen kartoşkanyňkydan ýaramazdygyny aýdýarlar
Pomidoryň kilogramy 6,5 manat, hyýaryňky 7 manat. Noýabrda pomidoryň kilogramy 8,4 (-22.62%), hyýaryňky — 4,60 (+52.17%) manat boldy.
Baklajan iki aý ozal 3,5 manatdy, häzir 10 manat (+186%). Bolgar burçy 3,5 manatdy, indi 5 manat (+42.86%).
Miweleriň bahalary biraz aşaklaýar, olar ortaça 7% arzanlady. Bazarda ýerli almalary 8 manatdan, eýran almalaryny 15 manatdan (-2.47%) alyp bolýar. Bananlar 11 manatdy, indi 16,5 (+50%) manatdan satylýar. Mandarinler 18 manatdan 7,7 manada çenli (-57.22%), apelsinler 19 manatdan 7,7 manada çenli (-59.47%) arzanlady.
Konserwalar soňky üç aýda 7% gymmatlady. “RITA” firmasynyň konserwirlenen ananasy owal 10,4 manatdy, indi 13,8 manat (+32.69%).RITA nohutlary 8,4 manatdan 6,5 manada çenli arzanlady (-22.62%), RITA mekgejöweni 8,4 manatdan 7,2 manarda çenli (-14.29%) arzanlady.
Makareno firmasynyň zeýtunlarynyň bankasy 10,4 manatdy, indi 10,7 manat (+2.88%).
Syr soňky üç aýda 7,8% gymmatlady. Orsýet syrynyň kilogramy 62.8 manatdy, indi 72.5 manat (+15.45%). Gouda arzanlady, 48 manatdan 45 manada (-6.25%) düşdi, Edamer 48 manat (0%).
Ösümlik ýagy Oleýnanyň litri 12,1 manatdy, indi 12,5 manat (+3.31%). “Oleýna” gymmat önüm bolansoň, telekeçiler ýurda başga firmalaryň ösümlik ýaglaryny getirmäge başladylar, olaryň bahasy biraz arzan, hili hem biraz ýaramaz.
Mysal üçin, “Zoluşka” ösümlik ýagy 2017-nji ýylyň noýabrynda 9,8-10 manatdy, häzir onuň bahasy 11,2 (+10%) manada deň we gymmatlamagyny dowam etdirýär.
Şeker, ozalkysy ýaly, 1 kilogramy 5 manatdan satylýar.
Orsýetde öndürilen unuň bahasy 17% arzanlady — kliogramy 4,8 manatdan 4 manada düşdi.
MacCoffee kofesiniň bir paketiniň bahasy 1,2 manat bolanlygyndan 1,4 manat boldy. Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň aýagynda ol 1 manatdan satylýardy, 2015-nji ýylyň aýagynda — 0,5 manatdy.
“Coca-Cola” içgisiniň 1 litri 5 manada durýar, ýogsa ony ýanwaryň başynda 3,50 manada (+42.86%) satyn alyp bolýardy. Fanta we Sprite” 3,5 manatdan 4 manada çenli (+14.29%) gymmatlady. Geçen ýylyň başynda “Fanta”, “Kola” we “Sprite” (1 litrlik gapda) 2,4 manada (gymmatlama +108.33%) durýardy.
Hakykatda ýurtda hemme zadyň bahasy gymmatlaýar: dermanlar, gurluşyk materiallary, durmuş tehnikasy, mobil telefonlar, durmuş himiýasy we şuňa meňzeşler. Dükanlaryň we dermanhanalaryň köpüsinde harytlaryň bahalary görkezilmeýär, kassada olaryň bahasyny dollaryň “Gara bazardaky” kursy esasynda hasaplap alýarlar.
Aýratynda, doly import edilýän we dollaryň kursuna bagly bolan dürli tehniki harytlaryň bahasynyň gymmatlandygyny görse bolýar. Mysal üçin, ýurtda wi-fi TP-Link routerleriniň iki modeli meşhur. Soňky sekiz aýda býujet warianty 78% ýokarlandy — owal 180 manatdy, 320 manat boldy, beýleki model 82% gymmatlady — owal 220 manatdy, 400 manat boldy.
Belleýäris, türkmen önümçilik firmalarynyň köpüsi harytlaryny mümkin boldugyça arzan saklamak üçin dürli pirimlere baş urýarlar: käbirleri öndürýän harydynyň mukdaryny we möçberini kemeldýär (mysal üçin, 1 litr süýde derek 900 ml çykarýar), işgärleri azaldýar, başgalar önümçilik usulyny üýtgedýär ýa-da azygyň düzümini has arzanladýar.