Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçirmek teklip edilýär

Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçirmek teklip edilýär

Türkmenistanda Azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şeýle başlangyç Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekiliniň Aksoltan Ataýewanyň çykyşynda yglan edildi.

Ilçi öz çykyşynda azyk we energiýa howpsuzlygy, ulag we howanyň üýtgemegi meselelerine ünsi çekdi we Türkmenistanyň Dialog: parahatçylygyň kepili başlangyjy bilen çykyş etdi.

A.Ataýewa halkara jemgyýetçiligini dünýä azyk bazaryndaky durnuklylygyň saklanmagyny üpjün etmäge we ösüp barýan döwletleri azyk bilen üpjün etmek baradaky çylşyrymly meseläniň çözgütlerini bilelikde gözlemäge çagyrdy.

Şu maksat bilen Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçirmek teklip edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan Owganystanyň goňşularyny "Talyban" bilen hyzmatdaşlyk saklamaga çakylygy
BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýany parahatçylygyň zolagy diýip yglan etdi
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçinji orunda?
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar