28-nji maýda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky İlçihanasynda Garaşsyzlyk Güni mynasybetli resmi kabul edilşik geçirildi.
Iki ýurduň döwlet gimni ýaňlanandan soň, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow öz çykyşynda 106 ýyl mundan öň Musulman Gündogarynda döredilen ilkinji dünýewi, demokratik döwlet bolan Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň taryhy ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Gismat Gozalow çykyşynda Azerbaýjanyň esasy energiýa we transport taslamalary, şol sanda Günorta Gaz Koridory we Baku-Tbilisi-Jeýhan energiýa taslamalary, şeýle hem Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta transport ugurlary, hem-de Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirjek elektrik togy ýaly iri halkara taslamalarynyň inisiator we aktiwist bolup gatnaşandygyny belläp geçdi.
Ilçi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçip, soňky döwürde iki ýurduň arasynda ýokary derejeli saparlaryň we halkara derejesindäki çäreleriň çäginde duşuşyklaryň güýçlenendigini, bu bolsa strategiki gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, geçen ýyl söwda dolanyşygynyň 75 göterim ýokarlandygyny, söwda dolanyşygynyň 800 million ABŞ dollaryna golaýdygyny belläp, Bilelikdäki Hökümetara Komissiýanyň gatnaşyklarymyzyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.
Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň energiýa pudagynda möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigini, howanyň üýtgemegi we alternatiw energiýa bilen baglanyşykly iki ýurtda-da möhüm işleriň edilýändigini belläp, Ilçi 2024-nji ýyl Azerbaýjanda “Ýaşyl dünýäniň hatyrasyna raýdaşlyk ýyly” diýlip yglan edilendigi belläp geçdi. Şu ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň Howanyň Üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna Taraplaryň Konferensiýasynyň 29-njy mejlisiniň (COP29) Azerbaýjanda geçirilmeginiň ýurduň dünýä jemgyýetçiliginiň ygtybarly hyzmatdaş döwletidiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.
Çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Bilelikdäki Hökümetara Komissiýanyň başlygy Batyr Atdaýew çykyş etdi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gutlap, Azerbaýjana abadançylyk we üstünlik arzuw etdi.Iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejeli gepleşikleriň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi berendigini belläp, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy köklere esaslanýandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, ykdysady we gumanitar ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň çalt ösýändigini aýtdy.
Çäre Azerbaýjan aýdym-sazlary bilen dowam etdi we onuň dowamynda ekarnda ýurda degişli materiallar, şeýle hem COP29 logotipleri görkezildi/şekillendirildi. Myhmanlara Azerbaýjanyň milli aşhanasyndan süýjülikler we içgiler hödürlendi.
Şol bir wagtyň özünde, çäräniň dowamynda ýurduň taryhy, medeniýeti, sungaty, haly sungaty we syýahatçylyk potensialy, milli saz gurallary, şeýle hem “Made in Azerbaijan” marka önümleri görkezildi. Mundan başga-da, çärede COP29.az we azerbaijan.travel web sahypalary bilen baglanyşykly bannerler sergilendi.
Bu çärä Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik wekilleri we Türkmenistanda ýaşaýan Azerbaýjanlylar gatnaşdy.