Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler

Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler

Türkmenistanda ýurduň öňende bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýa bellemek maksady bilen, Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemegiň hem-de olaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri tarapyndan gol çekilen degişli Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlar portalynda çap edildi.

Üýtgetmelere laýyklykda, şahsy pensiýanyň bir aýlyk möçberi pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilýän binýatlyk ululygyň 20 (ýigrimi) essesi möçberinde bellenilýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, şahsy pensiýa köp ýyllaryň dowamynda yhlasly, halal zähmet çekip, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanmagyna, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösmegine, ýurduň goranmak ukybynyň berkidilmegine, howpsuzlygyň, jemgyýetçilik we hukuk tertibiniň, kanunçylygyň üpjün edilmegine aýratyn goşant goşan, Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada ýa-da (we) Türkmenistanyň birnäçe beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp bolan, Türkmenistanyň 62 ýaşy dolan erkek raýatlaryna, 57 ýaşy dolan zenan raýatlaryna bellenilýär.

Şahsy pensiýa bellenilmegi üçin degişli döwlet sylaglarynyň bardygy baradaky resminamalar hem-de towakganama bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ýüz tutmaly. Pensiýany bellemek baradaky çözgüt Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar tarapyndan kabul edilýär.

Şahsy pensiýa Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilip, ol Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmak esasynda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertipde banklaryň üsti bilen tölenilýär.

Şahsy pensiýanyň bellenilmegi baradaky has giňişleýin maglumatlar bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Türkmenistan aýratyn hyzmat bitiren raýatlara şahsy pensiýa girizmegi meýilleşdirýär, ýöne...
Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:
TÄZE KITAPLAR
$5 milliard dollarlyk Arkadag şäherindäki jaýlaryň hili köpleri lapykeç edýär