
Türkmenistanyň ençeme metjidinde ruhanylar arza ýazyp işden çykmaga mejbur edilýär diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp habar berdiler.
Metjitlerdäki ruhanylaryň sanyny azaltmak boýunça çäreler paýtagtda hem welaýatlarda geçirilipdir. Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan çeşmeleriň maglumatlaryna görä, işden çykanlaryň sany, galanlardan agdyklyk edýär.
"Aşgabadyň ona golaý uly metjidinde dini wagyzlary geçirýän we dini däp-dessurlar boýunça ilata hyzmat edýän mollalaryň sany minimal derejä çenli azaldyldy. Işden çykarylanlaryň sany 70%-den hem gowrak" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri 23-nji aprelde gürrüň berdi.
Anonimlik şertinde gürleşen çeşmelere görä, bu ýagdaý din wekilleriniň goşmaça pul sorap, häkimiýetlere ýüz tutmagynyň yzýany ýüze çykypdyr.
"Din wekilleri Türkmenistanyň müftüsine hökümetiň býujetden pul serişdelerini bölüp bermegini sorap ýüz tutdular" diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ruhanylaryň bu haýyşy ret edilipdir we yzýany aýlyk alýan ruhanylaryň sanyny azaltmak görkezmesi gelipdir. "Şol sebäpden metjitlerde aýlyk tölenýän ruhanylar köpçülikleýin boşadylýar" diýip aşgabatly çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň müftiýatyndan resmi kommentariý alyp bilmedi.
Metjitlerdäki ýagdaýdan habarly çeşmeler öz islegi boýunça arza ýazyp, işden çykmakdan boýun gaçyran din wekilleriniň bolandygyny habar berdiler. "Metjidiň ymamy, olar ýaly ruhanylara garşy jenaýat işiniň gozgaljagyny aýdyp, gorkuzdy we mejbury arza ýazdyrdy' diýip çeşme paýtagtyň metjitleriniň birindäki ýagdaýy suratlandyrdy.
Azatlygyň habarçylarynyň anyklamagyna görä, metjitlerde adatça 20-ä golaý adam işleýär. Ruhanylardan başga hojalyk we arassaçylyk işlerini berjaý edýänler işe alynýanlar. Olaryň ählisi Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan tassyklanýar we olaryň aýlyklary kesgitlenýär.
"Metjitlerde arassaçylyk işlerini berjaý edýän erkek we aýal işgärlere, ýagny ikinji gatda zenanlaryň namaza durýan ýerlerini tämizleýänlere aýlyk tölenýär. Olaryň aglabasy metjidiň ymamynyň tanyşlary, zenanlary, gyzlary bolýar" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Metjidiň ymamynyň aýlygy 3 müň manata barabar bolýar. Şeýle-de, metjitlerdäki girdejileriň bir bölegini haýyr-sahabat pullary emele getirýär. Bu pul metjidiň hojalyk zerurlyklary üçin hem ulanylýar diýip, metjit işgärleri düşündirdi. Ruhanylaryň raýatlaryň çakylyklaryna barmagy we dini däp-dessurlary berjaý etmegi ýene bir girdeji çeşmesi bolýar.
"Mysal üçin, agyr syrkaw ýüze çykan halatynda, hassahana düşeniň hossarlary we tanyşlary ýeňillik üçin aýat okap bermegini soraýarlar. Anna agşamlaryna aýat we dünýäsini täzelän adamy soňky ýoluna ugratmagy we onuň 3-ni, 7-ni we 40 - ny sowup bermegi soraýarlar" diýip, çeşme aýtdy we käbir mollalaryň çakylyk üçin 100 dollar möçberinde pul soraýandygyny belledi.
Çeşmeler din wekilleriniň häkimiýetlerden pul soramagynyň olaryň girdejileriniň azalmagy bilen ilteşiklidigini aýdýarlar.
"Şäherlerde we obalarda halkdan haýyr-sahabat maksatlar üçin ýygnalan pullaryň hasabyna metjidiň hojalyk zerurlyklary, arassalaýjy serişdeler, tozan sorujy enjamlar ýaly çykdajylar edilýär we metjidiň ymamy, azançysy, dünýäsini täzelän merhumlary ýuwýan adamlara hak paýlanýar" diýip çeşme aýtdy.
Haýyr-sahabat üçin pul berýän azaldyMetjit işgärleri halk tarapyndan meýletin pul tabşyrýanlaryň azalandygyny aýdýarlar.
"Her hepde anna güni juma namazyna gatnaşýanlaryň, metjitlere haýyr-sahabat üçin pul berýän adamlaryň we telekeçileriň sany juda azaldy. Adamlar metjide pul bagyşlandan, mätäçlere öz elleri bilen berenlerini makul bilýärler" diýip çeşme aýtdy.
Metjitlere ilat tarapyndan berilýän puluň azalmagyna halk köpçüliginiň maddy ýagdaýynyň agyrlaşmagy we din wekillerine bolan ynamyň gowşamagy sebäp hökmünde görkezilýär.
"Köp ýyl bäri dindarlar metjitlerde hökümetiň halkyň bähbidine garşy kanunlaryny we kararlaryny goldap, wagyz edip gelýärler. Bu bolsa ýönekeý ilatyň ruhanylara bolan garaýşynyň ýaramazlaşmagyna getirdi we halkyň dine bolan ynamyny gaçyrdy" diýip, paýtagtly çeşme öz pikirini paýlaşdy.
Türkmenistanyň hökümeti ençeme ýyl bäri dinden syýasy maksatlary üçin peýdalanýar, şol sanda ruhanylar türkmen prezidentleriniň kitaplary esasynda wagyz edýärler. Şeýle-de, häkimiýetler ilaty, şol sanda telekeçileri metjitlere, sadakalara we haýyr-sahabat gaznalaryna pul tabşyrmaga mejbur etdiler.
Türkmenistanda hökümet tarapyndan resmi taýdan boýun alynmaýan ykdysady kynçylyklar raýatlaryň durmuş derejesiniň peselmegine getirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.