Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar

Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar

Türkmenistanda dinçilere häkimiýetleriň ünsi güýçlenýär. Býujet edaralarynda kärhanalarynda dini däpleri berjaý edýän ýa-da daş görnüşinden dinçidigini görüp bolýan işgärlere duýduryş berilýär. Azatlygyň habarçylary soňky aýda dinçiler babatyndaky gözegçiligiň nobatdaky ýagdaýlary barada habar berýärler.

"Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrliginiň gullukçylary döwlet edara-kärhanalarynda, şol sanda okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň arasynda haj zyýaratlaryny berjaý edip, gelen we yslamyň ýörelgelerini berjaý edýänleri gözleýär we duýduryş berýär" diýip, Azatlygyň habarçysy 18-nji aprelde habar berdi.

Býujet işgärlerinden edilýän talaplaryň arasynda erkek adamlardan sakgal goýbermezlik, telpekli ýörmezlik, zenanlardan başyna ak ýaglyk atynmazlyk ýaly buýruklar bar.

Habarçymyz bilen gürleşen býujet edaralaryň wekilleri bu gadagançylyklar berjaý edilmese, boýun gaçyran işgärlerden işden çakmak hakynda arza ýazmak talap ediler.

Anonim gürleşen çeşmeleriň biri özünden edilen talap barada şeýle gürrüň berdi: "Talaba boýun bolmadyk işgärleriň işinden öz arzasy boýunça çykmaly boljagy duýdurylýar. Il ýaly bolup, birmeňzeş eşikde işlemeli we özara gürrüňdeşlikde Türkmenistan ýaly asuda ýurduň başga hiç ýerde ýokdugyny wasp etmeli diýlip duýdurylýar".

Dünýewi Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi yslam dinine uýýar. Ýurt ýolbaşçylary haj zyýaratyna barýar.

Türkmenistanda ägirt uly metjitleriň ençemesi guruldy, metjit gurluşygy dowam edýär. Welaýatlaryň her birinde gurulýan metjitler üçin ilatdan yzygiderli pul ýygnalýar. Metjitlere ýurt baştutanlarynyň ady dakyldy.

Türkmen dinçisi howpsuzlyk sebäpli anonim şertde gürrüňdeş bolup, türkmen hökümetiniň dinçilere görkezýän gysyşyny diniň häkimiýete garşy güýç bolmak ähtimallygyndan howatyrlanýandygyny aýdýar.

"Hökümet bütin dünýäde ykrar edilen adam hukuklaryna eýerip we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolşy ýaly yslam dinine uýýan öz raýatlaryny her ýyl haj zyýaratyna guramaçylykly ugradýar, emma haja baryp gaýdan raýatlarynyň we dindarlaryň sanynyň artmagy awtoritar režimi biynjalyk edýäne meňzeýär. Dinçilere edilýän basyşlaryň dowam etmegi dini taglymatlara we şerigat ýörelgelerine çapraz gelýär" diýip, türkmenistanly dinçi öz pikirini paýlaşdy.

Türkmen dinçilerine basyş geçen aýda Moskwada terorçylykly hüjümden soň güýçlendi. Türkmen häkimiýetleriniň metjitlere barýan ýaşlary yzarlamagyny güýçlendirdiler. Metjitlere namaza barýan ýaşlary saklap, soraga çekip başladylar. Şeýle-de, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda sakgaly has ösgün raýatlar hem kanun goraýjylar tarapyndan soraga çekildi. Ilata namazyny öýünde okamak tabşyryldy.

Azatlygyň habarçylary munuň yzýany metjitlere juma namazyna barýan adamlaryň sanynyň esli azalandygyny habar berdiler.

Ýurt häkimiýetleri ilatynyň din azatlyklaryny berk çäklendirmekde, dindarlary syýasy maksatlar üçin ulanmakda, başga dinleriň wekillerine ýyllarboýy gysyş görkezmekde tankyt edilýär. ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistany soňky onýyllyklarda "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň arasynda galýar.

Türkmen dinçilerine edilýän häzirki basyş ýurtda umumy howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilen wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Edara ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny ýat tutmaly boldular
Hindistanda Metjitler Nyşana Alyndy
Germaniýanyň Polis Gullugy Metjitde Bolan Ýangyn Sebäpli Derňew Işini Başlatdy
Germaniýada Metjide Hüjüm Guralmaga Synanşyldy
Abatlaýyş Işleri Tamamlanan Sultanahmet Metjidi Dabaraly Ýagdaýda Açyldy
Metjitlerde prezidentiň merhum enesine aýat-töwir okamak talap edilýär, toý çäreleri yza süýşürilýär