Türkmenistanda “arwah awlamak” başlandy

Türkmenistanyň polisiýasy şu ýylyň ýanwaryndan başlap, paýtagtda we regionlarda palçylary tutmaga we jerime salmaga başlady.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, tutulan palçylary polisiýa bölümlerine getirýärler we olary adminstratiw düzgün bozmakda aýyplap, protokol düzýärler we 100 manat (döwlet kursunda $28,5 ýa-da “gara bazar” kursunda $10 -a golaý) möçberinde jerime ýazýarlar.

Palçylar pal atyp, adamyň ykbalynda boljak zatlary kesgitlemek, göz-dil degenlere, doga-beýleki edilenlere em-ýom etmek we beýlekiler bilen meşgullanaýarlar.

Bu hili hyzmatlar Türkmenistanyň ilatynyň arasynda giň ýaýran we örän meşhur. Käbir ýagdaýlarda doga-tumar satmak bilen, bu hili işler bilen dini gullukçylar, mollalar hem meşgullanýar, ýogsa din bu hili zatlary gadagan edýär.

Polisiýanyň bu meselede garaşylmadyk ýerden we birden şeýle işjeň herekete geçmegi, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” emeldarlaryň arasyndaky çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, güýç gulluklaryna “her edip, hesip edip, býujeti doldurmak” tabşyrylypdyr.

Çeşmäniň düşündirmegine görä, dürli bahanalar bilen awtomobil eýelerine salynýan jerimeleriň köpelmegi, sürüjilik şahadatnamalaryny alan aýal-gyzlaryň gaýtadan ekzamen tabşyrmaklarynyň talap edilmegi we palçylaryň yzarlanmagy hem hut şu ýagdaý býujete serişde tapmak talaby bilen bagly.

Häzir ýol polisiýasy hatda döwlet belgili maşynlary hem saklap, şol gurluşyň ýolagçy-işgärleriniň at-familiýalary görkezilen ýol listini talap edýärler. Eger sürüjide şeýle sanawly dokument bolmasa, oňa jerime salýarlar.

Ýatladýarys, Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň iýunynda regionlaryň ýolbaşçylaryndan, häkimlerden býujet işgärleriniň aýlyk haklaryny tölemek üçin özbaşdak mümkinçilik gözlemeklerini talap etdi.

Döwlet edaralaryndaky iş orunlaryny kemeltmek arkaly serişde tygşytlamak we islendik sebäp bilen ýuridiki hem şahsy adamlara jerime salmak teklip edildi.

Ýene degişli makalalar

PÝGG ýagyşdan soň palçyga bulaşýan ýollarda hapa ulaglara jerime ýazýar
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan
Karawajonyň eserleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlarda görkezilýär