Şu ýylyň 14-15-nji oktýabry aralygynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwal barada dokumental filmiň üstünde işlenilmegi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Filmde dürli ýurtlardan myhmanlary çagyrmakdan başlap, ýapylyş dabarasy bilen tamamlanýan festiwalyň taýýarlanylyşynyň we geçirilişiniň ähli tapgyrlary barada gürrüň berler.
Filmiň režissýory Annadurdy Täşliýew dokumental filmde meşhur myhmanlar bilen söhbetdeşlikleriň, açylyş dabarasynyň wideoýazgylarynyň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynda bilim alýan talyp ýaşlar bilen geçirilen ussatlyk sapaklarynyň boljakdygyny belleýär.
Film diňe bir kinofestiwalyň özüne däl, eýsem, Türkmenistanyň medeniýetine we taryhyna-da bagyşlanýar. Filmde Merw we Nusaý ýaly gadymy şäherler, şeýle hem adaty türkmen senetçiligi we baý milli aşhanasy görkeziler diýip, Annadurdy Täşliýew aýtdy.
Režissýoryň aýtmagyna görä, dokumentdal filmiň ýakyn wagtda ýaýlyma çykmagyna garaşylýar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, festiwalyň açylyş dabarasy Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi. Onda Burak Özçiwit, Mehmet Bozdag we fransuz aktýory Eduard Montut ýaly tanymal sungat işgärleri teatryň öňünde gyzyl halydan geçdiler.
Halkara kinofestiwalda birinji orny türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewiň Kagyza ýazylan ykbal filmi mynasyp boldy.