Türkmenistanda "Arkadagyň Säheri" atly halkara kino-fim festiwaly geçirildi

Festiwala aralarynda Eduar Montut we Burak Özçiwit bilen birlikde ençeme ýerli we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Arkadag şäherindäki Aman Gulmamedow adyndaky döwlet drama teatrynda medeni we sungat işgärleri bir ýere jemlendiler.

Şu ýyl ilkinji gezek geçirilen "Arkadagyň Säheri" atly halkara kino-fim festiwalyna Fransiýadan Eduar Montut, Türkiyeden Mehmet Bozdag we Burak Özçiwit bilen birlikde Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan ýaly döwletlerden aktýorlar, režissorlar, prodýuserler, kino we teatr ýyldyzlary gatnaşdylar.

Dabara hormatly myhmanlaryň gyzyl halynyň üstünden geçmekleri bilen başlady.

Ondan soň Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň ýüzlenmesi okaldy.Kino pudagynyň ösmegine we festiwallaryň geçirilmegine uly ähmiýet berýändiklerini aýdan türkmen lider, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we Arkadag şäherini tanyşdyrmak isleýändiklerini aýtdy.

Dabarada özüne söz berilen Mehmet Bozdag "Oguzhan" we "Alparslan" filmlerini taýarlamak üçin teklipler hödürländiklerini habar berdi. Arzuw edýän bu taslama bilen türkmen medeniýetini bütin dünýä bilen tanyşdyrmak isleýändiklerini mälim etdi. Festiwalda türkmen režissýor Sapardurdy Annaýewiň "Kagyza ýazylan ykbal" atly film 1-nji oruna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek inflýasiýadaky peselişiň dowam etjekdigini aýtdy
PKK/ÝPG-li 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkiye Syýahatçylyk Pudagynda Maksatlaryna Ýetýär