Şu gün Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde geçirilen Halkara maslahat geçirildi, onda atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meselelere seredildi diýip, Türkmenistan Döwlet habar gullugy habar berýär.
Ahalteke atlarynyň watany bolan Türkmenistan häzirki taryhy döwürde dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň, hünärmenleriniň we alymlarynyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän hem-de tejribe alyşýan merkezine öwrüldi.
Maslahata türkmen hem-de we daşary ýurt pudaklaýyn düzümleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ugurdaş komitetiniň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, şeýle-de pudagyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň gözelligi we asyllylygy babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini dünýä peşgeş bermek bilen çäklenmän, eýsem asyrlaryň dowamynda bu täsin tohumy yzygiderli kämilleşdirip, onuň arassalygyny saklap gelendigi çykyşlarda nygtaldy.
Behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň, döwürleriň we nesilleriň dowamat dowamynyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ahalteke tohumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen wekiliniň keşbini janlandyrýan Akhan binasynyň Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynyň biri bolmagy-da aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.