Türkmenistanda Alabaýa ýadygärlik dikiler

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi we wise-premýer hem-de paýtagt adminstrasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet baştutanyna şahyr Magtymguly Pyragynyň we Aziadanyň simwoly bolan wepaly alabaýýyň ýadygärlikleriniň proýektlerini hödürlediler.

Berdimuhamedow “paýhasly pikirleriň hem-de ajaýyp söz ussadynyň ýadygärliginiň onuň belent döredijilik we watançylyk ruhuny alamatlandyrmalydygyny” nygtady.

1 of 3

Itiň heýkeli barada aýdylanda, prezidentiň sözlerine görä, “Wepaly skulptura şekili diýen binagärlik ýurduň haýran galdyryjy üstünlikleriniň, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynda gazanylan ýeňişleriň özboluşly nyşany bolmaly” diýip, ТДХ döwlet habar agentligi habar berýär.

Proýektlere degişli düzedişleri girizmek bilen, prezident olary gaýtadan işlemegi tabşyrdy.

Ýatladýarys, 9-njy oktýabrda geçen Ýaşulular maslahatynda Garaşzylyk güni baýramçylygyny 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra Aziadanyň ýapylan gününe geçirmek karar edildi.

Ýene degişli makalalar

ALABAÝ TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGYDYR
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde ýollaryň birine öz atynyň adyny dakmagy teklip etdi
Meşhur tohum itleri
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy
Hatikonyň 100 ýyllygy bellendi