Türkmenistanda aktiwist Myrat Düşemowy tutdylar, doganyny bolsa, näbelli tarapa alyp gitdiler

Türkmenistanda aktiwist Myrat Düşemowy tutdylar, doganyny bolsa, näbelli tarapa alyp gitdiler

7-nji iýulda Aşgabatdan Daşoguza barýan türkmen aktiwisti Myrat Düşemowy polisiýa postunda tutdylar.Bu barada Turkmen news neşiri žurnalist Allamyrat Rahymowa salgylanyp maglumat berýär.

Düşemow Daşoguzdaky garyndaşlaryna myhmançylyga gitmek üçin ýola düşüpdi.Onuň ýanynda Juma Jumakaýew we Leýli Nurmetowa hem bardy.

Ruhybelent etrabyndaky polisiýa merkezinde olary sakladylar we koronawirus ýokdygy barada güwänama görkezmeklerini talap etdiler. Düşemow we onuň ýanyndakylar şeýle güwänama talap edilýän resminamany görkezmeklerini talap etdiler.

Olaryň awtoulagyny 4 sagatlap saklanlaryndan soňra, sürüji bolan Jumakaýew ulagy bilen ýoly baglapdyr. Bu hadysany olaryň üçüsi hem telefonda wideýo ýazgy edýärler.

Polisiýa merkezine goşmaça güýç topary gelenden soňra, olaryň 3-siniň ellerini arkasyna bagladylar, ulagy bolsa, jerime duralgasyna iberdiler.

Şol günüň özünde, hadysa barada kazyýetde diňlenişik boldy.

Şol zenanyň iki çaga enesi bolandygy üçin jerime salyp, goýberdiler. Düşemowy we Jumakaýewi bolsa, 15 günlik “Sizo” (wagtlaýyn tussaghana) ýolladylar.

9-njy iýulda, Myradyň dogany Alty Düşemow pul almak üçin banka baranda, bankyň işgäri maska dakmagyny sorapdyr. Alty bolsa, Türkmenistanda koronawirusyň ýokdygyny aýdypdyr.

Uzak gürrüňdeşlikden soňra nobatçy polisiýa Alty Düşemowa pul almaga rugsat bermändir.

16-njy iýulda bolsa, Düşemowlaryň öýüne özüni Büzmeýin etrabynyň jenaýat gözleginiň işgäri diýip tanadan biri geldi. Ol Myrat barada soraglar berenden soňra, Altyny we onuň iki dostuny näbelli tarapa alyp gitdi. Ol haýsyda bir order, kazyýetiň kararyny ýa-da başga resminama görkezmedi.

Myrat Düşemow iýunyň ahyrlarynda Aşgabadyň hassahana işgärlerinden koronawirus sanjymyny etmek barada düzgünnamany we buýrugy görkezmegi talap edipdi. Ol bu wakany telefonda wideýo ýazgy edipdi.

Mundan soňra kazyýet Düşemowy jemgyýetçilik ýerinde paýyş söz edenlikde günäledi we 100 manat jerime salypdy.

Myrat Düşemow hassahanada çeken wideýo ýazgysyny öz “ÝuTube” kanalynda ýaýradypdy.The post Türkmenistanda aktiwist Myrat Düşemowy tutdylar, doganyny bolsa, näbelli tarapa alyp gitdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aktiwist Myrat Düşemowy 5 ýyla çenli möhlet bilen jeza berip bolýan madda boýunça türmä basmaga synanyşýarlar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Aktiwist Myrat Düşemow 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik