Türkmenistanda adatdan daşary prezidentlik saýlawlary 12-nji marta bellendi

Türkmenistanda adatdan daşary prezidentlik saýlawlary 12-nji marta bellendi

12-nji martda Türkmenistanda adatdan daşary prezidentlik saýlawlary geçiriler diýip RIA Nowosti habar gullugy merkezi saýlaw toparynyň (MTT) başlygynyň kömekçisi Bezirgen Garaýewe salgylanyp habar berdi.

Indi türkmen MST-niň internet saýtynda hem maglumat cap edildi.

11-nji fewralda Halk Maslahatynyň adatdan daşary maslahaty geçdi we onda ýurdy geljek 30 ýylda ösdürmek barada gürrüň edildi.Maslahatda eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow ýönekeý bolmadyk karara döwlet dolandyryşyny “ýaş ýolbaşçylara geçirmäge” gelendigin, yglan etdi.

Soňra ol maslahatda öňe sürülen bu teklibiň makullanandygyny nygtady. Şonuň bilen ilteşikli saýlawlar we referendumlar geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Baş kanunyna we Kanunçylygyna laýyklykda zerur taýýarlyklara başlamak tabşyryldy” diýip TDH belleýär.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow “ägirt uly maksatlara laýyk” Türkmenistanyň geljekgi ösüş eýýamyny “Berkarar döwletiň täzeden döreýiş zamanasy”diýip atlandyrmagy teklip etdi. Ýatlatsak, häzir ýurtda 2012-nji ýylda başlanan “Berkararlyk we bagtyýarlyk zamanasy” dowam edýär.

Prezident öz mirasdüşerini yglan etmedi, emma, onuň ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedow boljakdygy belli.

Berdimuhamedowyň öz ogluna häkimiýeti geçirişi barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” analitik makalalaryny aşakdaky çelgilerden okap bilersiňiz.The post Türkmenistanda adatdan daşary prezidentlik saýlawlary 12-nji marta bellendi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Russiýanyň Merkezi saýlaw topary Prezident saýlawlarynda býulletenleri 100 göterim sanady
Russiýaly kosmonawt Halkara kosmos bekedinde nämäni küýseýändigini gürrüň berdi
ÝHHG Türkmenistandaky saýlawlara negatiw baha berdi, oppozisiýa ýok, metbugata häkimiýet agalyk edýär diýdi
27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Elektron tölegiň çägini giňeldýär
Gündogar Sungatynyň Zarpçy mekdebi türkmen nakgaşçylygynyň täze sahypasy