Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şeýle hem “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 --- 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny”, "Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 --- 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 --- 2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyny” durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisde şeýle hem BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak babatda jemleýji maslahatlaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Adalatçynyň Diwanynyň gurluşynda işiň täze ugurlaryny açmak bilen baglanyşykly meselelere-de seredildi.
Ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak we hukuk maglumatynyň elýeterliligini giňeltmek boýunça Pudagara toparyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy.