Türkmenistanda abatlanan guýulardan 25,4 müň tonna goşmaça nebit alyndy

Türkmenistanda abatlanan guýulardan 25,4 müň tonna goşmaça nebit alyndy

Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazdüýpliabatlaýyş trestiniň düýpli abatlaýjylaryň tagallasy bilen gaýtadan hatara goşulyp, önümçilige tabşyrylan 129 guýudan goşmaça alnan gara altynyň möçberi 25,4 müň tonna golaýlady ― diýip, Türkmenistan gazeti ýazýar.Munuň özi meýilnamadan 10,7 müň tonna barabar köpdür.

Gazanylan bu ajaýyp üstünlige Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýaly guýulary düýpli abatlaýjy müdirlikleriň zähmet toparlary önjeýli goşant goşmagy başardylar.

Germaniýanyň, Amerikanyň, Hytaýyň, Russiýanyň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen has kuwwatly we kämil tehnikalarydyr enjamlary bilen üpjün edilen bu trestiň müdirlikleriniň zähmet toparlary gazanylan belent sepgitleri ýylyň dowamynda has-da berkitmek üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan goşmaça 42 million kub metre barabar gaz çykaryldy
Balkan welaýatynda önüm bermeýän gara altynly guýular abatlanýar
Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda agtaryş-gözleg işleri geçirilýär
Türkmenistandaky Akpatlawuk dünýädäki uly patlawuklaryň biri
Türkmen hususy kärhanalary daşary ýurtlaryň nebit kompaniýalaryna hyzmatlary berýärler