Türkmenistanda abatlanan guýulardan 10 müň tonna golaý nebit çykaryldy

Türkmenistanda abatlanan guýulardan 10 müň tonna golaý nebit çykaryldy

“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazçykaryş” trestiniň burawçylary tarapyndan 2021-nji ýylyň iki aýynda 78 guýa derek 84 sany guýy ulanyşa girizildi. Abatlaýyş işleriniň netijesinde ulanylyşa goýberlen guýulardan 9 müň 709 tonna “gara altyn” çykaryldy.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň penşenbe güni habar berşine görä, bu döwürde “Gumdagnebit” nebitgazçykaryş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan çykarylýan nebitiň möçberi meýilleşdirilen 322 tonna derek 1 müň 47,5 tonna barabar boldy. Şeýle hem, “Gamyşlyjanebit” nebitgazçykaryş müdirligi tarapyndan “gara altynyň” çykarylan möçberi meýilleşdirilen 352-ä derek 1 müň 358,5 tonna deň boldy.

2020-nji ýylda öndürijilikli bolmadyk guýularyň dikeldilip ulanyşa girizilmegi netijesinde, “Nebitgazçykaryş” trestiniň burawçylary “gara altynyň” çykarylyş möçberini 300 müň tonna ýetirdiler.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň gözleg işleriniň netijesinde “Uzynada” meýdançasyndan tebigy gazyň täze gorlary tapyldy. Bu ýerde 7 müň metre golaý çuňlukdan gündelik gazyň 106 müň kub metrini we gaz kondensatynyň 143 tonnasyny almaga mümkinçilik döredi.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan: Nebit-gaz we suw hojalyk pudaklarynda iş orunlary kemeldilýär
Balkanda mugallymlar, saglyk we nebit-gaz pudagynyň işgärleri oktýabryň aýlygyny alyp bilmeýär
Balkanda býujet işgärlerinden şugundyr, bugdaý we bak ekmek üçin pul ýygnamak dowam etdirilýär
Türkmenistan: Pensiýa ýaşyna ýeten býujet işgärlerini işden boşatmak teklip edilýär