Türkmenistanda 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Türkmenistanda 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Şu günler Türkmenistanda gowaça ideg etmek işleri bilen bir hatarda, pagta ýygymyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde ýurdumyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalarda hem-de pagta kabul ediş harmanhanalarynda hasyly bökdençsiz kabul etmek üçin hemme şertler döredildi. Şeýle hem bu möwsümde pagta ýygýan kombaýnlar hem-de ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglary, traktorlar we traktor tirkegleri netijeli ulanylar.

Soňra döwlet Baştutany hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny Bismilla bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
3-nji iýunda Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragy başlanar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile
Lebap welaýatynda pagta ýygym möwsümi bäş gün möhlet bilen uzaldyldy