Ahal we Lebap welaýatlarynyň şäherlerinde, etraplarynda we geňeşliklerinde çarşenbe güni 5 müň 440 okuwçy üçin niýetlenen 7 sany döwrebap mekdep açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Şeýlelik bilen, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky 42-nji orta mekdebe bilim we terbiýe işini gurnaýjy mugallym, 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy. Bu mekdepde 960 sany okuwçy bilim alyp biler.
Şeýle-de Ahal welaýaty boýunça Änew şäherinde 720 okuwçy, Ak Bugdaý etrabynda 960 okuwçy, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 okuwçy we Babadaýhan etrabynda 960 okuwçy üçin niýetlenen 4 sany umumybilim berýän mekdepler ulanylmaga berildi.
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde hem häzirki zaman orta okuw mekdepleri guruldy. Olaryň her birinde 600 sany okuwçy bilim alyp biler.
Umumybilim edaralary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan bina edildi. Täze mekdepleriň açylyş dabarasy mynasybetli geçirilen çäreleriň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylaryna “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilen “Bilimli” noutbuklary gowşuryldy.