Türkmenistanda 338 tussagyň günäsi geçildi

Türkmenistanda 338 tussagyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň prezidenti uly baýramçylyklardan öň tussaglaryň belli bir böleginiň günäsini geçmek däbine eýerip, 10-njy dekabrda geçiren giňişleýin mejlisinde 338 tussagyň günäsini geçmek hakyndaky karara gol çekdi. Günäsi geçilen adamlaryň arasynda wyždan ýesrirleri, syýasy tussag hasaplanýan adamlaryň bardygy ýa ýokdugy belli edilmeýär.

Bu gezek günäsi geçilen tussaglaryň günäleri, TDH-nyň maglumatyna görä, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçildi. Ýöne resmi habarda, adatça bolşy ýaly, azatlyga çykýan adamlaryň haýsy jenaýatlarda günäli tapylandygy, olaryň oturan ýa galan türme möhletleri barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Türkmenistan dünýäde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň hataryna girýär we, baýramçylyklara gabat geçirilýän köpçülikleýin günä geçişler aslynda, synçylaryň aýtmaklaryna görä, hyryn-dykyn doldurylan türme binalarynyň adam ýüküni ýeňletmek üçin geçirilýär.

Türkmen türmelerindäki tussag bolçulygy 1990-njy ýyllaryň başyndan başlap, ýurtdaky işsizligiň ösmegi we neşe söwdasynyň, neşekeşligiň giň ýaýramagy, korrupsiýanyň gündelik durmuşyň zerur bir bölegine öwrülmegi netijesinde döredildi. Synçylaryň käbiri ilkinji prezidentiň bu ýagdaýy adamlary haýsam bolsa bir jenaýata itekläp, syýasatdan çeke durar ýaly etmek we öz syýasy ömrüni uzaltmak maksady bilen ulanandygyny öňe sürýär.

Resmi habarda azatlyga çykýan tussaglaryň eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelendikleri aýdylýar. Emma bu hili ökünmek we ak ýürekden toba gelmek mümkinçiligi, ýyllaryň tejribesinden görnüşine görä, halkara hukuk toparlary tarapyndan wyždan ýesirleri, syýasy tussaglar hökmünde häsiýetlendirilýän adamlara berilmeýär.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy golaýda türkmen türmelerinde mejbury ýagdaýda ýitirim bolan hasaplanýan adamlaryň täzelenen sanawyny çap etdi. Soňky ýyllarda bu sanawa, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän işde günäli tapylan adamlardan başga, dini ynançlary sebäpli ýa-da türk ruhanysy Fethulla Güleniň hereketi bilen ilteşikli hasaplanyp, gülençi’ diýlip ýyl kesilen onlarça adam hem girizildi.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri türme maglumatlaryny, tussaglykdaky keselçilik, ölüm ýagdaýlaryny gizlinlikde saklamagyny dowam etdirýär, halkara jemgyýetçiliginiň tussaglaryň käbiriniň işine gaýtadan seretmek, Covid-19 hadyslary, tussaglyk möhletleri dolan bendiler bilen bagly edýän çagyryşlaryna açyk reaksiýa bildirmeýär.

Mundan başga, resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlara görä, soňky ýyllarda ýurduň ýüz müňlerçe raýatynyň iş gözläp, daşary ýurtlara gidendigine garamazdan, Türkmenistanda türmelerdäki tussaglaryň sanynyň azalmaýandygy aýdylýar.

Ikinji tarapdan, türmeden boşan adamlaryň öňünde hem iş tapmak, täzeden jemgyýete goşulmak kynçylygy çykýar.

Prezidentiň günäsi geçilen adamlary işe ýerleşdirmek barada berýän tabşyryklaryna garamazdan, iş bazaryndaky agyr ýagdaý sebäpli, ýerli häkimler bu tabşyrygy ýerine ýetirip bilmeýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Türkiýede gülençidigi’ güman edilýän bir türkmenistanly tussag edildi
Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
'Gülen hereketi' bilen ilteşikli hasaplanyp, soraga çekilen mugallymlar täze basyşlardan gorkýar
Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär