Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 internet ulanyjysy bar

Türkmenistanyň ilatly ýerleri ýokary tizlikli internet bilen doly üpjün edildi. Bu barada Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we tele-radio enjamlaryna bagyşlanyp geçirilen Türkmentel 2023 atly halkara ylmy konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň aragatnaşyk operatorlar ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça Yslam Ösüş Banky bilen bilelikde 273 million dollarlyk birnäçe taslamany durmuşa geçirendigini belledi.

Munuň netijesinde, biz ilatly ýerleri ýokary tizlikli internet bilen 100% üpjün etdik. Munuň üçin dürli tehnologiýalary, şol sanda milli aragatnaşyk hemramyzyň mümkinçiliklerini, hereketli we hereketsiz aragatnaşygy ulandyk diýip, H.Hudaýgulyýew nygtady.

Ol häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylaryň umumy sanynyň 3 149 178 adamdygyny, şol sanda 421 609 simli internet ulanyjysynyň we 2 727 569 mobil internet ulanyjysynyň bardygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, üstaşyr geçirme kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär, hususan-da, taslamalaryň çäginde esasy ulag ulgamynyň giňelmegi göz öňünde tutulýar.

H.Hudaýgulyýew Türkmenistanda maglumat geçirmegiň 8 sany döwletara optiki-süýümli ugruň ýola goýlandygyny belledi.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesindäki serhet birikmesinden Gazagystan Respublikasynyň Teýmir baba obasyna, Balkan welaýatynyň Etrek şäherçesinden Eýran Yslam Respublikasynyň Kümmethowuz şäherine çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak meýilleşdirilýär. Hazar deňziniň düýbi boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk döretmek ugrunda işler alnyp barylýar diýip, Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy aýtdy.

Ol, şeýle hem diňe soňky üç ýylda satyn alnan halkara internet kanallarynyň umumy sygymynyň on esse artandygyny nygtady. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan iki sany halkara aragatnaşyk ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär
Abu Seýit Mäne baba binagärlik ýadygärliginiň peştagynda berkidiş we ylmy öwreniş işleri alnyp barylýar
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ