Türkmenistanda 224 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 224 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda daýhanlar gant şugundyr hasylyny ýygnamaga girişdiler. Ýurdumyzda şugundyry gaýtadan işleýän ýeketäk “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 224 müň tonna şugundyr hasylyny kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty geçen anna güni habar berdi.

Habara görä, şu ýyl Mary welaýatyň 10 etrabynda jemi 14 müň 900 gektar ýere şugundyr ekildi. Welaýatda bu ekin üçin bölünip berlen 5 müň gektar ýer Garagum etrabyna degişlidir. Şugundyr ekinini täze özleşdirip başlan Tagtabazar etrabynyň daýhanlaryna bolsa 200 gektar ýer bölünip berildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda jemi 3 müň gektar ýerde şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.

Şu möwsümde ýygnalmaly şugundyr hasyly diňe bugdaýdan boşan meýdanlarda ikinji hasyl hökmünde ýetişdirildi.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynda şugundyry gaýtadan işlemäge niýetlenen ýene bir kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň işe girizilmegi geljekde şugundyr ekilýän meýdanlary giňeltmäge we şeker hem-de süýji önümleriniň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Şugundyr eken daýhanlar: Oba resmileri ne dökün, ne suw, ne-de tehnika üpjünçiligine ýardam edýär
Maryda şugundyr ýygnamak işleri býujet işgärleriniň hasabyna batlanýar
"Maryşeker" şu ýyl 224 müň tonna şugundyr hasylyny kabul etmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanda gant şugunydyryny ýygmaga girişildi
Mary we Balkan welaýatlarynda şugundyr ýygymyna girişildi
Maryda býujetçileriň hasabyna şugundyr ýygnalýar