Türkmenistanda 2024-nji ýylyň dokuz aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň dokuz aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurtda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda ýurtda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy.Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi.Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy.Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda gurulmagy we durky täzelenilmegi meýilleşdirilen desgalar boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamalaryny seljermegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurtda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy, iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutany ýerine ýetirilmeli meýilnamalar barada aýdyp, ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny nygtady. “Şoňa görä-de, 2024-nji ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmämiz yhlas bilen zähmet çekmeli” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gowy netijeleri gazanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 10 aýda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
Türkmenistanda 11 aýda JIÖ 6,3 göterim artdy
2023-2024-nji ýyllarda hümmetsizlenme dünýäniň köp ýurdunda saklanar
ÝTÖB: Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrýar
Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi
Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar