Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ilkinji 3 aýynyň makroykdysady görkezijileri nähili?

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ilkinji 3 aýynyň makroykdysady görkezijileri nähili?

8-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerini jemlemäge bagyşlanyp geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýylda garaşylýan netijeleriniň gysga wagtyň içinde düýpli seljermesini geçirmegi, şeýle-de kiçi we orta kärhanalara karz bermegiň hereket edýän maksatnamasyny giňeltmegi, täze iş orunlaryny, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasyny seljermegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 40% ýokarlandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygy 40,9% artdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi