Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkeziji gazanylyp, 83 milliard 772,9 million kubmetr tebigy gazyň çykarylandygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Abdrahmanow 2021-nji ýylda tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasynyň 120,1% ýerine ýetirilip, onuň eksportynyň 129,8% artandygyny aýtdy.
2021-nji ýylda ýurduň tebigy gaz eksporty 45,9 milliard kubmetre golaýlady.
Şeýle hem, geçen ýylda sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň, Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň, “Turkmenoil Advance 5W-40” görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagynyň, gämi ýangyjynyň, alkilat benzinleriniň ýokary oktanly komponentiniň, Euro-6 standartlaryň kadalaryna laýyk gelýän A-98 görnüşli benziniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň ähmiýetine ünsi çekip, toplumyň döwrebap ýagdaýa getirilmegi, eksport mümkinçilikleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle-de energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turbageçiriji ulgamynyň emele getirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz wise-premýere täze känleri gözlemek, özleşdirmek we önümleri çykarmak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekmegiň zerurlygyny nygtady.
Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak hem-de onuň täze ugurlarynyň hasabyna energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak boýunça strategik taýdan möhüm taslama işjeň amala aşyrylmalydyr, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işler hem dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şeýle-de mejlisiň dowamynda Türkmenistany 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hem-de Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi.