Türkmenistanda 13-nji noýabrda Gorkut ata Halkara kinoforumy başlaýar

Türkmenistanda 13-nji noýabrda Gorkut ata Halkara kinoforumy başlaýar

Ertir Türkmenistanda Gorkut ata Halkara kinofestiwaly öz işine başlaýar.

Festiwalyň açylyş dabarasy Aşgabadyň Mukamlar köşgünde günüň ikinji ýarymynda geçiriler. Şol günüň birinji ýarymynda kinoforumyň myhmanlary we gatnaşyjylary üçin Änewiň taryhy ýerleri boýunça gezelenç guralar, şeýle hem olar türkmen paýtagtynyň gözel ýerlerine tanyşlyk syýahatyny amala aşyrarlar.

Festiwal 15-nji noýabra çenli dowam eder. Onuň çäklerinde TÜRKSOÝ guramasynyň agza döwletleriniň kinematografistleriniň duşuşygy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Iki günüň dowamynda Aşgabat kinoteatrynda we Türkmenistan hem-de Watan kino-konsert merkezlerinde festiwalyň bäsleşige gatnaşýan filmleriniň görkezilişleri geçiriler.

Forumyň myhmanlary şeýle hem Magtymguly Pyragy seýilgäh toplumyna, türkmen jigitleriniň gatnaşmagynda sirk çykyşlaryna tomaşa ederler we beýleki ýerlere syýahatlary amala aşyrarlar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi