14-nji aprelde Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň binasyndaky auksiýa döwletiň emlägi bolan 42 desga çykarylar. Bu barada 2-nji aprelde “Neýtralnyý Türkmenistan” gazýetinde çap edilen yglanda ministrlik habar berdi.
Bu auksiýa Türkmenistanyň döwlet emlägi bolan desgalary hususylaşdyrmak baradaky kanunçylygyna laýyk geçirilýär.
Oňa Söwda ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, “Türkmenawtoulagynyň”, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň binalary çykarylar.
“SNG Today” neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistanda geçen 11 ýylda 500-den gowrak desga hususy eýeçilige geçirildi. Olaryň 155-si sermaýa konkurslarynda hususylaşdyrmak arkaly, 402-si bolsa, auksiýalarda satyldy.
Ýatladyp geçsek, 26-njy martda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde premýer-ministriň ykdysadyýet we maliýe boýunça orunbasary Gadyrgeldi Müşşikow ministrlikleriň we welaýatlaryň ygtyýarlygyndaky käbir kärhanalary hususy pudagyň wekillerine geçirmek barada teklibi prezident Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.