Türkmenistanda 10 aýda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Türkmenistanda 10 aýda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipelerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynda ýurtda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edildi, hususan-da, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy.

Bu görkeziji senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,8 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy.Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan görkezijiler barada hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny netijeli ösdürmäge, sebitleriň durnukly ösüşini gazanmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutany ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere düýpli maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

TDH-niň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany Hökümet mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurduň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen aýtdy.Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurtda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş, saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we ençeme beýleki desgalar bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 11 aýda JIÖ 6,3 göterim artdy
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň dokuz aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
2023-2024-nji ýyllarda hümmetsizlenme dünýäniň köp ýurdunda saklanar
ÝTÖB: Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrýar
Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi
Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar