BMG-niň BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 79-njy SESSIÝASYNA
30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär.Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer.
Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyz öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Şunda Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine eýermegini dowam etdirer. Sebit derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek, hususan-da, ony BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk arkaly pugtalandyrmak ýakyn geljek üçin bellenilen ileri tutulýan wezipelerdir.
Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini dowam etdirer. Bu ugurda ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, halkara düzümleri, institutlary we BMG-niň edaralaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar. Şunda Bitaraplygyň dostlary toparynyň mümkinçilikleriniň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna mundan beýläk-de ulanyljakdygyny bellemek wajypdyr.
Halkara resminamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň 15 ýyllygyna bagyşlanan resminamalaryň işlenip düzülmegi dowam etdiriler.
Mundan başga-da, Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara giňişlikdäki ähmiýetiniň güýçlendirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.Türkmen tarapynyň pikiriçe, Goşulyşmazlyk Hereketiniň işini güýçlendirmek ugrundaky ýörelgeleriň biri bitaraplyk bolmalydyr. Ýurdumyz bu gurama agza ýurtlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy baradaky başlangyjyna ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, gapma-garşylyklary öňünden duýdurmagyň we bitaraplaşdyrmagyň şertleriniň biri hökmünde bitaraplyk ýörelgesini goldamak baradaky düzgüni goşmak boýunça utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga girişmäge çagyrýar.
Bitaraplygy we parahatçylyk başlangyçlaryny üpjün etmekde baý tejribä eýe bolan Türkmenistan BMG-niň ählumumy araçylarynyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk we iş maksatnamasyny döretmegi teklip edýär. Bu häzirki döwrüň halkara ýagdaýlarynda hünär taýýarlykly araçylaryň işlerine ýüze çykýan zerurlyk bilen şertlendirilendir.
Terrorçylyga garşy göreş hem ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.
Türkmenistan durmuş-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň üstünde işlemegi dowam etdirýän Türkmenistan garyplygy ýok etmegi, ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin halkara maliýe arhitekturasyny kämilleşdirmegi, ählumumy energiýa, ulag baglanyşygyny berkitmegi, bütindünýä aragatnaşyk-tehniki serişdeleriniň, emeli aň ulgamlarynyň deňagramly ösüşine gönükdirilen anyk ädimleri amal etmegi maksat edinýär.
Bu ugurda Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp düzmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň, sebitleýin ykdysady komissiýalarynyň bäşisi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň 20262035-nji ýyllar döwründe Durnukly ulagyň onýyllygyny durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegini hödürlemäge taýýarlyk görýär.
Mundan başga-da, ýurdumyz Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan halkara çäräni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnamasyna laýyklykda, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip edýär.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyçlary hem bar.
Howa meselesi hem Türkmenistan üçin üns merkezinde bolmagynda galýar. Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde ýurdumyz ýöriteleşdirilen düzümi BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işini dowam etdirer. Merkeziň işi howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, gowşak ekoulgamlary dikeltmäge, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we beýlekilere gönükdiriler.
BMG-niň AziýaÝuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komitetiniň 2023-nji ýylyň 19-njy maýyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny (UNSPAS) döretmek ugrunda taslama resminamalaryny taýýarlamak boýunça guramanyň degişli edaralary bilen geňeşmeleri dowam etdirer.
Hazar deňziniň gaýtalanmajak tebigy baýlyklaryny gorap saklamak hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu meselede halkara tagallalara anyk mazmun bermek üçin Türkmenistan 2025-nji ýylda ikinji Hazar daşky gurşaw forumyny guramagy teklip edýär.
Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ynsanperwer ulgam hem bar.Türkmenistan BMG-niň edaralary bolan BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, BMG Zenanlar düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýar. Şeýle mehanizmiň işi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şeýle-de, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamagy dowam etdirmegi maksat edinýär.
Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmegini goldap, bu mesele boýunça sebit maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýar.
Sport parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna atly ählumumy gün tertibini öňe sürmekde esasy gatnaşyjylaryň biri hökmünde ýurdumyz sport diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunda 2024-nji ýylyň aprelinde Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň çäginde geçirilen BMG-niň ilkinji Diplomatik dostluk oýunlarynyň tejribesine esaslanyp, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda şeýle oýunlary her ýylda geçirmegiň tejribesini berkitmäge gönükdirilen Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemäge taýýarlyk görýär.
Resminamanyň esasy maksady halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, döwletara dialogy we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin gural hökmünde sportuň mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Medeniýetara dialogy güýçlendirmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak hakynda Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä türki dilleriň güni atly Kararnamasynyň taslamasyny ilerletmegi dowam etdirmegi teklip edýär.
Hemmetaraplaýyn kanunylyga we ygtyýarlyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny tutup bolmajak düzümdigine berk ygrarlydygyny tassyklamak bilen, Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin, milli derejede, şeýle-de halkara giňişlikde netijeli işleri alyp barmagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.