Türkmenistana ýapon tehnikalarynyň täze tapgyry getiriler

Türkmenistana ýapon tehnikalarynyň täze tapgyry getiriler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýakyn günlerde Ýaponiýadan satyn alynjak Toyota kysymly awotulaglary hem-de Komatsu kysymly ýer gazyjy tehnikalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşar. Bu barada bankyň resmi saýty habar berdi.

Täze tehnikalary satyn almak barada barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentligi bilen Ýaponiýanyň Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň Itoсhu Corporation kompaniýasynyň arasynda degişli şertnamalar baglaşyldy.

Şertnamalarda awotoulag we ýer gazyjy tehniki serişdeleriniň ätiýaçlyk şaýlaryny hem satyn almak göz öňünde tutulýar.

Baglaşylan şertnamalar Niderlandlar Patyşalygynyň ING bankynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherindäki ING-Diba AG şahamçasyndan alynjak karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýokarda görkezilen bankyň şahamçasynyň arasynda iki karz ugrunyň taýýarlanmagy boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Türkmen tarapyndan gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa iş sapary
Türkmenistanda,Gazturbinaly elektrik stansiýasya gurulmak
Türkmenistanda täze nebit we dökün önümçilik zawodlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär
Türkmenistana $90 millionlyk “Toyota” awtoulag tehnikalary getirilýär
РАБОЧИЙ ВИЗИТ ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ МИЛЛИ ГЕНГЕША ТУРКМЕНИСТАНА В ЯПОНИЮ
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
Ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 38 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy