Türkmenistana TÜRKSOÝ-da Uly Wezipe

Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky Wekili Çynar Rüstemowa türki halklaryň taryhyna degişli umumy gymmatlyklaryň goralmagy we geljekki nesillere ýetirilmegi üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy.

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-daky işleri boýunça 10-njy maslahaty Aşgabatda geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowuň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen maslahata TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň Milli komissiýasynyň baş sekretarlary, Türki döwletleriň Milli medeniýet we Miras gaznasynyň ýolbaşçylary, Türki döwletleriň Parlamentar Assambleýasynyň wekilleri bilen alymlar gatnaşdylar.

TRT-ä interwýu beren Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyn ýanyndaky Wekili, İlçi Çynar Rüstemowa, ÝUNESKO bilen edilýän 30 ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde köp sanly medeni we taryhy eserleriň dünýäniň miras sanawyna goşulandygyny aýtdy.

Çynar Rüstemowa; “Türkmenistanda ýerleşýän ençeme taryhy ýadygärlik, Merw, Köneürgenç, gadymy Nisa şäheri ÝUNESKO-nyň miras sanawyna goşuldy. Gelejekde Türkmenistanda we beýleki türki ýurtlarda ýerleşýän gadymy eserleri öwrenmek, ýeriň astyndaky taryhy ýüze çykarmak we tanyşdyrmak üçin iş alynyp barylar” diýdi.

Maslahatda Azerbaýjan tarapyndan ýerine ýetirilýän TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-daky işleriniň döwürleýin ýolbaşçylygy Türkmenistana berildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Wekili Çynar Rüstemowa ýolbaşçylygyň nyşany gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Türkmenistanda Gorkut ata atly halkara kinofestiwala taýýarlyk görülýär
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary