Türkmenistana raýatsyzlygy aradan aýran ýurt hökmünde BMG tarapyndan degişli güwänama gowşuryldy

Türkmenistana raýatsyzlygy aradan aýran ýurt hökmünde BMG tarapyndan degişli güwänama gowşuryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň Ýyldyz myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Onuň barşynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1146-syna Türkmenistanyň pasportynyň gowşurylmagy ýurtda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga mümkinçilik berdi.

Sebitleýin maslahatda umumy pikire görä, raýatsyzlygy azaltmak we aradan aýyrmak boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli işler bu ugurda bar bolan halkara tejribäni has-da baýlaşdyrdy.

Häzirki wagtda bu başlangyçlar beýleki ýurtlar üçin mynasyp nusga bolmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar hem-de öwrenilýär.

Türkmenistana BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasynyň gowşurylmagy hem raýatsyzlyk bilen bagly ählumumy meseläni çözmekde türkmen döwletiniň goşandyna berlen ýokary baha boldy. Güwänamany BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela 8-nji noýabrda geçirilen duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.

Hanym R.Menikdiwela Türkmenistany gazanan bu üstünligi bilen ýene-de bir gezek gutlap, türkmen döwletiniň raýatsyzlygy aradan aýyrmak babatda tagallalaryna we durnukly ösüşde hiç kimiň yzda galmazlygyny üpjün etmäge üýtgewsiz ygrarly bolmagyna guramanyň ýokary baha berýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, sebitiň döwletleriniň gazanan üstünligi raýatlygy bolmadyk adamlar üçin çäreleriň toplumyndan ybaratdyr.Munuň özi geljekki nesiller üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk bilen bagly ähli meseleleri çözen dünýädäki ilkinji sebit bolup biljekdigi çaklanylýar.

Raýatsyzlyga garşy göreşmek babatda tagallalar we borçnamalar BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan 14-nji oktýabrda işe goýberilen #IBelong başlangyjynyň anyk üstünlikleriniň esasynda Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň çäklerinde dowam etdiriler.

Türkmenistanyň bu meselede hem öňdebaryjylyk görkezip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup täze bileleşige goşulandygyny bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi
Raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky Aşgabat jarnamasy
Filippo Grandi: Türkmenistan raýatsyzlygy doly ýok eden dünýädäki ilkinji döwlet
BMG: Türkmenistan we Gyrgyzystan raýatsyzlygy ýok eden ilkinji ýurtlar boldy
TÜRKMENISTANYŇ TÄZE RAÝATLARYNA PASPORTLAR GOWŞURYLDY
Türkmenistan Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ähliumumy birleşmä goşuldy