“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary Türkmenistanyň günortasyna gelen siliň netijeleri hakynda habar bermeklerini dowam etdirýärler.
Martyň aýaklarynda, Eýranda we Türkmenistanda ýagan dowamly ýagan ýagyşlardan soň, Etrek derýasynyň suwy kenarlaryndan daşyp, Türkmenistanyň balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň obalaryny sil basdy. Ejir çeken ilatly nokatlara barmak kynlygy, ýaşaýjylar bilen aragatnaşygyň bolmazlygy zerarly, anyk maglumatlary almak diňe häzir mümkin boldy.
Ajyýap obasynda iki çaga doganlar ýogaldy. Olaryň jesetlerini diňe üç geçenden soň tapdylar. Köp mal öldi. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ownuk mallar kä ýerlerde tutuş sürüsi bilen heläk boldy.
Kenaryndan daşan Etrek derýasynyň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň we kömekçi hojalyklaryň ählisine ol ýa-da beýleki ýagdaýda zyýan ýetdi.
Ejir çeken obalardaky elektrik üpjünçiligi diňe üç hepde soňra dikeldildi. Gaz üpjünçiligi häzire çenli ýok, gazy adamlara ballonlarda eltip berýärler.
Tebigy hadysanyň ilkinji günlerinde adamlara çörek dikuçardan taşlanyldy. Gazagystandan Eýrana çekilen täze demir ýoluň birnäçe ýerinde ýoly sil böwüsdi we ol heläkçilik ýagdaýynda diýip ykrar edildi. Häzir ol ýerde bejeriş, dikeldiş işleri alnyp barylýar.
Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyň ýerli işgärleri sil gelen günlerinden başlap, ýetirilen zyýanyň täsirlerini azaltmak ugrunda tagalla etdiler. Nasoslaryň we aryklaryň kömegi bilen suw akymlaryny gyssagly ýagdaýda Kaspi deňzine tarap ugrukdyrdylar.
Magtymguly etrabynyň Garry Nohur, Aýdere, Kruždeý, Daýna, Könekesir we Garawul obalary düýpli zyýan çekdi.
Häzirki günlerde hünärmenler tebigy hadysanyň ýetiren zyýanlaryny düzedýärler, päsgelçilikleri aýyrýarlar, böwsülen kenarlary dikeldýärler we köp möçberde ölen jandarlaryň maslyklaryny ýok edýärler.