Ýylyň başyndan bäri Stawropol sebitinden beýleki ýurtlara 9,115 müň tonna un iberildi. Bu barada Rosselhoznadzor habar berýär. Umuman aýdylanda, bu önümleriň eksportynyň mukdarynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13% ýokarlanandygy bellenilýär.
Şunda Türkmenistana eksport edilen unuň mukdary 405,6 tonna bolupdyr. Önümi iň köp eksport eden Azerbaýjan bolup, ýurda 3,086 müň tonna bugdaý uny iberildi. Ermenistana 1,724 müň tonna we Gruziýa 1,281 müň tonna un eksport edilipdir.
Şeýle hem Stawropol sebitinden Owganystana, Abhaziýa, ABŞ-a, Türkiýä, Belarusa onlarça tonna un eksport edilipdir.