Bahreýniň patyşasy Hamad Bin Isa Al-Halif 17-19-njy martda Türkmenistanda saparda bolar diýip, “centralasia.news” saýty habar berýär.
Saparyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady, transport, energetika we medeni-ynasanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek barada maslahat ediler.
Gepleşikler netijesinde 20-den gowrak ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar.
Ýatladýarys, fewralyň aýagynda Türkmenistanda Bahreýniň “Gulf Petrochemical Industries Company” (GPIC) kompaniýasynyň delegasiýasy geldi. Habar berilmegine görä, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda käbir bilelikdäki nebit-gaz, gaz-himiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň maslahaty edildi, hyzmatdaşlygy mundan aňryk hem ösdürmek meselelerine seredildi.