Türkmenistana Altyn bürgüt syýahatçylyk otlusy geldi

Türkmenistana Altyn bürgüt syýahatçylyk otlusy geldi

Altyn bürgüt syýahatçylyk otlusy 1-nji maýda türkmen-özbek serhedinden geçip, 2-nji maýda Aşgabat şäherine geldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gelýän otluda ýedi ýurtdan 97 syýahatçy bar diýip, HHM ýazýar.

Syýahatçylar toparynda ABŞ, Hytaý, Kanada, Russiýa, Singapur, Beýik Britaniýa we Wengriýa ýaly ýurtlardan wekiller bar.

Türkmen paýtagtynda myhmanlar şäheriň esasy gözel ýerlerine, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna, Bitaraplyk binasyna, Bagt köşgüne we Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna baryp görerler.

Şu gün, 3-nji maýda syýahatçylyk otlusy Içoguz wokzalyna tarap syýahatyny dowam etdirer, bu ýerden syýahatçylar üçin Derweze gaz kraterine gezelenç guralar.

Ondan soň Altyn bürgüt Daşoguz şäherinden Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Özbegistana tarap ugraýar.

Ýene degişli makalalar

'Öňkülerinden has güýçli boldy'. Daşoguzda duzly tupan turdy. WIDEO
2022-nji ýylyň iň gowy aziýaly futbolçylary yglan edildi
Ýurdumyzyň elektrik energetika pudagy döwrebaplaşdyrylýar
Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Hytaýa barar, Aşgabatda Rus kinosynyň hepdeligi dowam edýär, Türkmenistanda 2023-nji ýylda doglan ilkinji çaga Bagtyýar diýlip at goýuldy we beýleki habarlar
Türkmenistan energo çeşmeleriniň eksportyny artdyrmak isleýär
Rekordlaryň rekordçysy Ronaldonyň täze taryhy rekordy
NASA Türkmenistanda ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan 12 ýeriň üstüni açdy