Türkmenistan: Žurnalistden fiziki öç almak haýbatlary

(Berlin, 8-nji awgust, 2017 ý.) Garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa soňky wagtlarda ýanamalaryň, matlaply hüjümleriň we fiziki öç almak haýbatlarynyň obýektine öwrüldi diýip, şu gün adam hukuklaryny goraýan “Hýuman Raýts Wotçh” guramasy we “Türkmen inisiatiwasy” (AHTI) topary aýtdy.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýobaşçylary, öz gözegçiligi astynda geçiriljek Oýunlaryň guramaçysy bolmak bilen, Aşgabatda 17-nji sentýabrdan 27-nji sentýabra çenli aralykda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň öňünden Türkmenistanyň hökümetini ähli žurnalistleriň öz professional işini Oýunlardan öň we Oýunlar tamamlanandan soň bir zat bolaryndan gorkman, päsgelçiliksiz ýerine ýetirmek mümkinçiligi bilen üpjün etmäge tutanýerli çagyrmalydyr.

Dübýi Wenada ýerleşýän AHTI we “Hýuman Raýts Wotç” guramalary 2017-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşine ýazan bilelikdäki hatynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşini açyk we ynamdar derejede hüjüm hem-de fiziki öç almak haýbaty barada pikirini aýtmaga we Aşgabada Olimpiýa hartiýasynyň KHBS-niň azatlygyny hormatlamgy talap edýändigini ýatlatmaga çagyrdy.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda garaşsyz sesleriň bogulmagyna we basylyp ýatyrylmagyna reaksiýa bildirmegi, adalatsyzlyk bilen azatlykdan mahrum edilen žurnalistleri azat etmäge çagyrmagy we hökümetden KHBS-niň doly azatlygynyň berjaý ediljegi barada kepillik almagy zerur. “Aziýanyň Olimpiýa geňeşi Olimpiýa hartiýasynyň degişli düzgünleriniň berjaý edilmeginde jogapkärçilik çekýär, muňa azat metbugat ýörelgeleri, adam mertebesini sylamak hem girýär we ol bulary goramaga borçly” diýip, Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin aýtdy.

AOG Aşgabatdan Açylowanyň we beýleki garaşsyz habarçylaryň öz professional işini soňuny alada etmezden we esassyz gatyşylmazdan amala aşyrmagyna mümkinçilik döretmeli.” 67 ýaşyndaky Soltan Açylowa Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýär we bu radio Türkmenistan hakynda yzygiderli ýagdaýda türkmen dilinde garaşsyz habar berýän ýeke-täk habar serişdesi bolup durýar.

Onuň işi agyz suwunyň ýetmezçiligi, saglygy saklaýyş pudagyndaky problemelar we ş.m.-ler ýaly sosial meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.Açylowa soňky ýyllarda, “Azatlyk” radiosynda işleýän beýleki kärdeşleriniň köpüsi ýaly, ençeme gezek gorkuzmalara we ýanamalara sezewar edildi. 27-nji iýuldan 31-nji iýula çenli, birnäçe günüň dowamynda, Açylowa gazaply basyşa we haýbatlara, şol sanda näbelli erkek adamlar tarapyndan fiziki öç almak haýbatyna sezewar boldy, olar ondan žurnalistlik işiniň aýrylmaz bölegi bolan fotosurat almak işini bes etmegi talap etdiler. Şeýlelikde, 31-nji iýulda graždan eşikli, özüni polisiýanyň işgäri diýip atlandyran adam özüne Açylowanyň hiç hili surat almagyna ýol bermezlik tabşyrygynyň berlendigini aýtdy.

Açylowa şundan başga üç ýagdaýda, elinden tutup we hatda elini gaňyrmaga çenli baryp ýetip, hatda düýpden zyýansyz surat almaga-da ýol bermediler.Açylowanyň ýanalmagynyň başga bir pursatynda bolsa, hüjümçi Açylowanyň özüni we onuň kamerasyny “öldürmek” haýbatyny atdy, “seniň bir aýagyň gabyrda” diýdi we “onuň soňunyň gelendigini” aýtdy.

Türkmenistanyň ýerli KHBS-i gazaply çäklendirme ýagdaýynda işleýär we ol ýerde garaşsyzlyk, plýuralizm barada asla gürrüň edere esas ýok.Daşary ýurt KHBS-leri bu ýurtda işlemek mümkinçiligine seýrek eýe bolýarlar we daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýerli žurnalistler bolsa, diňe dymdyrmak maksady bilen, ýanamalara, gorkuzmalara we azatlykdan mahrum edilmäge sezewar bolýarlar. Şeýlelikde, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň aktiwisti Gaspar Matalaýew kezzaplyk baradaky galp aýyplamalar esasynda türmede saklanýar, ondan döwletiň ygtyýar bermeginde guralýan mejbury pagta ýygym kampaniýasy boýunça monitoring geçirendigi üçin öç alýarlar. “Azatlyk” radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew bolsa, 2015-nji ýylyň 7-nji iýulyndan bäri, galyplaşdyrylan neşe maddasy aýyplamasy esasynda, üç ýyl türme möhletini çekýär. Ýogsa onuň bar eden işi Hazaryň kenarynda güýmenjeler parkyny surata düşürmek bolupdy. Ýurtda internet elýeterliligi, ozalkylary ýaly, örän çäkli we döwlet tarapyndan berk kontrollykda saklanýar.

Häkimiýetler köp ýyllaryň dowamynda raýatlary hususy hemra antennalaryny söküp aýyrmaga hem-de döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän, adamlary garaşsyz maglumat çeşmelerinden doly kesýän TW paketine abuna ýazylmaga mejbur edýärler.Metbugat azatlygyny gazaply çäklendirmegiň taryhy we garaşsyz habarçylary we aktiwistleri hem ýurduň içinde, hem ýurt çäginden daşarlarda yzygiderli ýanamak praktikasy Açylowa edilen soňky hüjümiň häkimiýetleriň tankydy sem etmek babatdaky nobatdaky synanaşygydygyna şübhelenmäge ýer goýmaýar diýip, AHTI we “Hýuman Raýts Wotç” aýdýar.

Türkmenistanyň metbugat azatlygyny üpjün edip bilmezligi onuň Graždan we syýasy azatlyklar baradaky halkara paktyň 19-njy maddasy boýunaça öz üstüne alan borçnamalaryny bozýandygny görkezýär, bu madda pikir aýtmak azatlygyny goraýar.

Türkmenistan 1997-nji ýyldan bäri bu paktyň agzasy bolup durýar.Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy 2016-njy ýylyň dekabrynda we 2017-nji ýylyň fewralynda bireýýäm Azaiýanyň Olimpiýa geňeşine ýüzlenip, Türkmenistandaky repressiýalary duýdurdy, emma ol duýduryşlara reaksiýa bildirilmedi. “Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Oýunlaryň öňünden Türkmenistanyň hökümetiniň metbugat babatdaky ýol berilmesiz çemeleşmesini we adam hukuklarynyň elhenç ýagdaýyny üýtgetmegi üçin, häzirden hereket etmeli diýip, “Hýuman Raýts Wotç” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Hýu Wilýamson aýdýar.

Eger AOG häkimiýetlere tankytçylary gysmazlyk we gorkuzmazlyk barada açyk-aýdyň yşarat etmese, Oýunlaryň adam hukuklarynyň gödek bozulmagy bilen abraýdan gaçmak töwekgelligi bar.” Türkmenistan boýunça ähli materiallar:https://www.hrw.org/ru/europe/central-asia/turkmenistan Goşmaça maglumat üçin ýüz tutup bilersiňiz: Wenada: Farid Tuhbatullin +43-699-194-41-327; [email protected]/* */ Nýu-Ýorkda: Reýçel Denber +1-917-916-1266; [email protected]/* */ (русск.) Twitter @rachel_denber

Ýene degişli makalalar

The Guardian: HOK Türkmenistanyň sporty zalymlygy kanunlaşdyrmak üçin ulanmagyna göz ýumýar
HRW, TI AOG-ny žurnalist Açylowanyň ýanalmagyna reaksiýa bildirmäge çagyrýar
Türkmenistan: Repressiýa atmosferasy Aziýa oýunlaryny biabraý edýär
HRW, AHTI: Repressiýa Aziýa oýunlaryna kölege salýar
HRW-yň we AHTI-niň hasabaty: Adamlary hususy jaýlaryndan göçürýärler, kompensasiýa bermeýärler
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar