Türkmenistan ýylyň birinji ýarymynda 4,81 milliard amerikan dollarlyk tebigy gazy Hytaýa eksport etdi

Türkmenistan ýylyň birinji ýarymynda 4,81 milliard amerikan dollarlyk tebigy gazy Hytaýa eksport etdi

Türkmenistan 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde birinji orny eýeledi. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

Hasabat döwründe Türkmenistan umumy bahasy 4,81 miillion amerikan dollaryna deň bolan mawy ýangyjy Hytaýa eksport etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýy turbageçirijiler arkaly tebigy gaz bilen üpjün edijileriň arasynda liderligi özünde saklap galdy.

Bu ugurda ikinji orun 3,97 milliard amerikan dollarlyk tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaýa iberen Russiýa Federasiýasyna degişli. Şeýle-de ilkinji üçlükde Mýanmanyň (679 million amerikan dollarlyk eksport) hem ady bar.

Mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi hem şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň Türkmenistandan we Russiýa Federasiýasyndan amala aşyran tebigy gaz importynyň 4 esseden gowrak artyp, jemi 800 million amerikan dollaryndan geçendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Geljegi döretmek forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyk geçirýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar
Hytaýa 3 aýda 2,42 milliardlyk tebigy gaz iberildi
Jo Baýden Musulmanlaryň Oraz Aýyny Gutlady
Türkmenistan London we Pekin bilen howa gatnawlaryny dikelder, Ýewropa kompaniýasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistana teklip berdi, Aşgabatda Antonio Onoratonyň döredijilik agşamy geçirildi we beýleki habarlar